Page 274 - Gujurly 2018
P. 274
274 SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy Arslan
Adaýewiň ýolbaşçylygynda şol kafedranyň 5-nji ýyl
talyby Arçyn Haýdarow tarapyndan ýerine ýetirilip, onda
Serdar şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň
taryhy hem-de muzeýiň bölümleri beýan edilip, şeýle-de
muzeýdäki gymmatly esbaplar baradaky maglumatlar
we olaryň fotosuratlary jemlenýär.
Katalogda “Türkmenistan – Beýik Ýüpek
ýolunyň ýüregi” diýlip atlandyrylan 2018-nji ýylda
Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ahalteke
atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam
sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek ugrunda
nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň,
fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň,
teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik sergi bäsleşigine
hödürlenen ýurdumyzyň döredijilik işgärleriniň,
Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we
Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa
mugallymlarynyň we talyplarynyň nakgaşlyk, grafika,
heýkeltaraşlyk, dizaýn, haly, gobelen, zergarçilik,
keramika işleri görkezilýär.