Page 20 - Gujurly 2018
P. 20

20      GUJURLY ÝAŞLAR - 2018







            sungatynyň  dürli  tehnologiýalaryny  milli  äheňde  peýdalanmaklygyň  syrlaryny
            öwretmeklige  gönükdirdi.  Türkmenistanyň  halk  suratkeşi  Annaguly  Hojagulyýew
            Gülşat  Ýollyýewa  türkmen  gobelen  sungatynda  bolan  çeperçilik  serişdelerini
            özleşdirmäge we täze taslamalary döretmäge ugrukdyrýar. Ýaş mugallym Aýjemal
            Çaryýewa Şirin Gylyjowa, Akjagül Jumaýewa, Aýgül Ýazmyradowa milli zergärçilik
            sungatynyň däplerini täzeçe öwüşginlerde ýerine ýetirmegi öwredýär.
                  “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň sungatda at
            gazanan işgäri Maýa Jumaniýazowa Döwrangeldi Moýtyýewiň 2018-nji ýylda geçirilen
            sergilerine bagyşlanyp, “Uçgun”, “Türkmen şekillendiriş sungaty” ýaly kataloglaryň
            taslamalarynyň dizaýnyny, Jumagül Myradowanyň “Dünýäniň atly heýkelleri”, Ogulnur
            Pirliýewanyň “Babasary Annamyradowyň döredijiliginde portret” ýaly albomlarynyň
            taslamalarynda  kompýuter  bezegini  taýýarlamak,  makalalary  ýazmak,  döredijilik
            duşuşyklaryna gatnaşmak boýunça işlere ugrukdyrdy. TDÝÇM-nde we TDÇA-nda
            işläp, ençeme şägirtleri ýetişdiren sungaty öwreniji, Türkmenistanyň sungatda at
            gazanan işgäri Ogulabat Muhatowa öz şägirdi Jemal Toryýewa “Türkmenistanyň
            sungaty  we  arhitekturasy”  awtordaşlykda  ylmy  makalany  taýýarladylar.  Şeýle
            hem  “Günbatar  ýurtlarynyň  şekillendiriş  sungatynyň  taryhy”  dersi  boýunça  okuw
            kitabynyň  golýazmasynyň  üstünde  işleýärler.  TDÇA-nyň  ylmy  işleri  boýunça
            prorektory Nurýagdy Ýagşymyradowyň şägirdi Guwanç Mämiýewiň 2018-nji ýylda
            ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda 37 makalasy çap edildi we ol TDÇA-da oktýabr
            aýynda “Sungaty öwrenmek – Watanyň gözelligine düşünmek” atly makala ýazmak
            boýunça bäsleşiginde birinji orna mynasyp boldy, “Ykballaryň tejribesi – kämilligiň
            terbiýesi”  atly  ylmy-usuly  kitabyň  taslamasynyň  awtory  we  “Halypa  göreldesi  –
            şägirdiň ýörelgesi” atly katalogyň taslamasynyň awtordaşy bolup, sungaty öwreniş
            ylmynyň syrlaryny göz ýetirdi. N. Ýagşymyradowyň Hanmyrat Mämmedow şägirdi
            BMG-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan “Durmukly ösüş maksatlary we
            hemmetaraplaýyn ösüş” we “Durmukly ösüş maksatlary we daşky gurşaw” atly tema
            boýunça ýokary okuw mekdepleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň
            arasynda geçirilen döredijilik bäsleşigine wideo şekili bilen gatnaşyp, şahadatnama
            mynasyp  boldy.  G.  Mämiýewiň  “Ykballaryň  tejribesi  –  kämilligiň  terbiýesi”  atly
            ylmy-usuly kitabynyň taslamasynyň we “Halypa göreldesi – şägirdiň ýörelgesi” atly
            kitabynyň taslamasynyň kompýuter bezegini edipdir. “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň
            müdiri Aýjan Kadyrowa Ogulşat Pirbabaýewanyň “Yzzat Gylyjowyň zenan keşpleri”
            albomynyň  taslamasyny  taýýarlamagyna  ýolbaşçylyk  etdi.  Jeren  Baltaýewanyň
            şägirdi  Jumagül  Myradowa  “Dünýäniň  atly  heýkelleri”  albomynyň  taslamasynda
            dürli ýurtlaryň belli atly heýkellerini jemledi. Şeýle hem onuň döwlet derejesindäki
            sergileri  barada  makalalary  gazetleriň  sahypalarynda  çap  edildi. Arslan Adaýew
            Bagtygül  Hojageldiýewanyň  “Aşgabat  şäheriniň  binagärligi”  atly  gollanmasynyň
            taslamasyna  ýolbaşçylyk  edip,  onda  Aşgabat  şäheriniň  binagärligine  sungaty
            öwrenijilik  taýdan  seljerme  berilýär.  Şeýle  hem  Bagtygül  döwlet  derejesindäki
            maslahatlara we döredijilik duşuşyklara gatnaşyp, öz çykyşlarynda milli binagärligiň
            özboluşlylygyny wasp etdi.
                  Umuman,  sungat  ojagymyzda  ýola  goýlan  halypa-şägirtlik  ýörelgesiniň
            geljekde  hem  önjeýli  miweleri  berjekdigine  ynanýarys.  Çünki  ata-babalarymyz
            “Şägirt  halypadan  ozdurmasa  hünär  ýiter”  diýipdirler.  Ýaş  suratkeşleriň,  sungaty
            öwrenijileriň ähli işleri, ukyp-zehinleri Türkmenistanyň sungatynyň ösdürmekligine
            ugrukdyrylandyr.
                                                                                            Jeren Baltaýewa
                                              Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
                                                          Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy
   15   16   17   18   19   20   21   22   23   24   25