Page 16 - Gujurly 2018
P. 16
16 GUJURLY ÝAŞLAR - 2018
HALYPA-ŞÄGIRTLIK
ÝÖRELGESI
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zehinli ýaşlarymyzyň sungat
dünýäsinde öz ornuny tapmaga giň mümkinçilikleri döredildi. 2018-nji ýylyň başynda
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda halypa-şägirt ýörelgesini
dowam etdirmek boýunça mugallymlaryň öňünde täze wezipeler goýuldy. Halypalar
diňe bir TDÇA-nyň mugallymlary däl-de, eýsem Türkmen döwlet ýörite çeperçilik
mekdebiniň mugallymlary, ýurdumyzyň ussat suratkeşleridir. 2018-nji ýylyň 15-nji
dekabrynda akademiýada açylan “Gujurly ýaşlar” sergisinde bolsa sungatyň dürli
görnüşleri we akymlary boýunça işleýän talyplaryň kämillik ýoluna düşendigini
görkezdi.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy we onuň ýanyndaky Türkmen
döwlet ýörite çeperçilik mekdebi diýarymyzda birnäçe ýyllaryň dowamynda
professional suratkeşleri taýýarlaýan sungat ojaklarydyr. Türkmen şekillendiriş we
amaly-haşam sungatynyň taryhynda Aman Kuliýew, Aýhan Hajyýew, Pawel Popow,
Alekseý Şetinin, Pýotr Ýerşow, Igor Poýda, Aman we Çary Amangeldiýewler,
Gülnazar Begmyradow, Şamuhammet Akmuhammedow, Annadurdy Almämmedow,
Annamämmet Hojanyýazow, Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew,
Gylyçmyrat Ýarmämmedow, Hajy Atakgaýew, Aleseý Kinýakin, Amanmyrat Ataýew,
Maral Ataýewa, Dursunsolmaz Muhammedowa suratkeşlik zehinleri we halypalyk
danalygy, sabyr-takatlylygy bilen kem-kemden, ýaşlara bolan söýgi arkaly olaryň
her birinde döredijilik ukyplaryny açandyklary mälimdir.
Halypa-şägirt mekdebiniň esasyny goýmaga uly goşant goşýan we ençeme
baýry şägirtleri taýýarlan Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedow
Merdan Abdyrahmanowyň “Owaz” nakgaşlyk eserine ýolbaşçylyk edip, täsirli
taslamanyň çözgüdini, reňk sazlaşygyny professional taýdan açyp görkezmäge
öwredip, şol bir wagtda onuň döredijilik aýratynlygyny aýawly ösdürýär.
“Nakgaşçylyk we taslama” kafedrasynyň uly mugallymy Kakageldi Gurbangeldiýew
Yhlas Allanazarowyň portret eserlerinde medeniýet we sungat işgärleriniň
keşplerini takyklyk bilen şöhlelendirmegine ugrukdyrdy. Türkmenistanyň sungatda
at gazanan işgäri Aşyrmuhammet Kulyýew Muhammet Gubyýew, Bakygeldi
Sytdyhow, Ýazgeldi Jumagulyýew, Baýram Mämiýew, Myratmergen Kulyýew ýaly
şägirtleriniň her birinde olaryň ukyp-başarnaklaryna laýyklykda tema saýlamaga,
özüniň çeperçilik ýoluny tapmaga kömek edýär. Türkmen tebigatynyň waspçysy,
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Kamil Weliahmedow Didar Allakowy
peýzažyň monumental ýagdaýyny, nakgaşlyk eseriniň reňk çözgüdiniň duýgurlygyny
aýdyň suratlandyrmaga gönükdirdi. TDÇA-nyň rektory, Türkmenistanyň sungatda
at gazanan işgäri Ahatmyrat Nuwwaýew Ogulsuraý Rozygulyýewany portret
žanrynyň aýratynlygyny özleşdirmek üçin Wera Gyllyýewa, Wladimir Bagdasarýan,
Kamil Weliahmedow, Aman Meredow ýaly görnükli suratkeşleriň, Kakajan Aşyrow,
Handurdy Berdiýew ýaly teatr işgärleriniň, ýazyjy we žurnalist Derýa Aşyrowyň
keşplerini şekillendirmäge we olara häsiýetli görnüşleri tapmaga gönükdirdi.
Monumental nakgaşlygynyň özboluşlylygyny bilýän Annageldi Jumaniýazow “Amaly-
haşam sungaty” kafedrasynyň ýaş mugallymy Bahar Gylyçlyýewanyň döredijilik