Page 22 - Gujurly 2018
P. 22

Berkarar       döwletimiziň       bagtyýarlyk       döwründe        Hormatly
               Prezidentimiziň  taýsyz  tagallasy  bilen  türkmen  ýaşlarynyň  bilimli-
               ylymly bolup ýetişmekleri üçin uly işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň
               Döwlet  çeperçilik  akademiýasy  hem  bilim,  medeniýet  we  sungat
               ojagynyň  biri  bolup,  bu  ýokary  okuw  mekdebinde  talyp  ýaşlar
               özleriniň şekillendiriş sungatyndaky başarnyklaryny uly höwes bilen
               artdyrýarlar. Muňa mysal edip, 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 15-ne
               Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda
               “Gujurly  ýaşlar”  atly  toparynyň  nobatdaky  döredijilik  sergisiniň
               açylmagyny bellemek zerurdyr. Bu sergä öz döredijilik eserleri bilen
               gatnaşýan  zehinli  talyplaryň  sany  her  ýylda  artýar.  2018-nji  ýylda
               ikiýüzden  gowrak  talyplar  özleriniň  dürli  temalarda  ýerine  ýetiren
               sungat  eserlerini  sergilediler.  Olaryň  arasynda  “Nakgaşçylyk  we
               taslama”  kafedrasyndan  jemi  elli  ýedi  sany  talyp  nakgaş  eserleri
               bilen  gatnaşdylar.  Bu  ýerde  şekillendiriş  sungatynyň  miniatýura
               nakgaşçylygy,  stanok  nakgaşçylygy,  monumental  nakgaşçylyk,
               teatr-haşam  nakgaşçylygy  boýunça  ýerine  ýetirilen  erkin  döredijilik
               işlerini synlamak bolýar. Gujurly ýaşlar eserlerinde taryhy wakalary,
               belli  şahsyýetleriň  keşplerini,  milli  däp-dessurlarymyzy  we  medeni
               mirasymyzy, gözel tebigatymyzy, ahal-teke bedewlerimizi, şeýle-de,
               bagtyýarlyk  döwrümizi  açyp  görkezýän,  türkmen  halk  durmuşynyň
               gaýtalanmajak  gözel  pursatlaryny  beýan  edýärler.  Zakirjan
               Babaýewyň “Gündogar hazynasy” atly eserinde italýan syýahatçysy
               Marko Polonyň türkmen halysynyň gözelligine haýran galyp, ony eline
               alyp synlap duran pursady görkezilýär. Muhammet Gubyýewiň, Toýly
               Çopanowyň eserlerinde bolsa gündogar alymlarynyň taryhyndan bir
               parçalar  şekillendirilýär.  Sergilenen  eserleriň  esasy  özenini  Beýik
               ýüpek ýolunyň  ugry boýunça geçirilen “Amul-Hazar 2018” atly halkara
               awtoralli  ýaryşynyň  beýany  tutýar.  Talyplar  güneşli  sähramyzda
               awtoulaglaryň Amul badalgasyndan gaýdyp, Hazaryň pellehanasyna
               tarap barýan awtoralli ýaryşynyň gyzykly pursatlaryny şekillendirdiler.
               Bu taryhy waka esasan Bagtyýar Begsähedowyň işlerinde görkezilýär.
                     Ýokary  okuw  jaýymyzyň  gujurly  ýaşlarynyň  zehinlerini
               artdyrmakda  zähmet  çekýän  halypa  mugallymlaryň  baş  maksady
               talyplary  özbaşdak  döredijilik  ýoluna  gönükdirip,  ýokary  derejeli
               hünärmenleri  taýýarlamakdyr.  Şu  maksat  bilen  “Nakgaşçylyk  we
               taslama”  kafedrasynyň  talyplaryna  halypalyk  eden  Annadurdy
               Almamedow,  Aşyrmuhammet  Kulyýew,  Babageldi  Owganow,
               Gylyçmyrat  Nurlyýew,  Berdimyrat  Toýçyýew,  Atageldi  Serdarow,
               Baýram  Nuryýew,  Annageldi  Jumaniýazow,  Wepa  Gurdow,  Anna
               Annaýew,  Kakageldi  Gurbangeldiýew,  Begenç  Berkeliýew,  Azat
               Myradow, Batyr Bekmyradow ýaly mugallymlar taýsyz işleri bitirdiler.
               “Gujurly  ýaşlar”  sergisine  talyplar  giň  mazmunly,  uly  göwrümli
               eserleri bilen gatnaşdylar. Olaryň gazanan üstünlikleri bolsa, halypa
               mugallymlaryň irginsiz zähmetiniň netijesidir.
   17   18   19   20   21   22   23   24   25   26   27