Page 17 - Gujurly 2018
P. 17
GUJURLY ÝAŞLAR - 2018 17
başarnyklaryny ösdürip, onuň modernistik akymlarynyň milli sungatymyzda
sazlaşykly ornaşdyrmaklyga gönükdirýär. Taryhy žanrynda ençeme eserleri
döreden Azat Myradow Aly Sytdyhowy hem türkmen sazynyň taryhy bilen bagly
bolan Wiktor Aleksandrowiç Uspenskiniň keşbini suratlandyrmagyň, beýleki şägirdi
Toýly Çopanowy Magtymguly Pyragynyň Hindistana syýahat edişini köp şekilli
taslamada ýerleşdirmegiň ýollaryny öwretdi. Begenç Berkeliýew öz şägirdi Gunça
Ataýewa taslamalaryň temalaryny şu günki günüň durmuşy wakalaryndan, taryhy
pursatlaryndan tapmaklagy, realizm akymynyň aýratynlygyny çuňňur özleşdirmegi
bilen täze çeperçilik ideýalaryna ýol açýandygyny aýan edýär. Wepa Gurdow
Annagurban Halmyradowy milli natýurmortynyň özboluşlylygyny ýüze çykarýan
täze eserleri döretmäge, Anna Annaýew Serdar Tekäýewi žanr eserlerinde we
peýzažlarynda türkmen halkynyň durmuşyny we tebigatyny hakykylyk bilen
çekmeklige ugrukdyrdy. Milli däplerimizi şöhlelendirýän Merdan Nurmedow Döwran
Jumaýewiň taryhy temalar bilen gyzyklandyryp, Mahmyt şanyň Hindistandan dolanyp
gelmegine bagyşlanan nakgaşlyk eserinde taslama gurluşynyň, reňk sazlaşygynyň
özara gatnaşygynyň syrlaryny öwretdi. Ruslan Abdullaýewiň halypasy Gahryman
Goçmyradow şägirdiniň peýzaž we tematiki eserleriň ýerine ýetirilişinde realizmiň
häsiýetlerini onuň işlerinde ornaşdyrdy. Maşgalada hem halypa şägirtlik däpleriniň
dowam edýändigini Zakirjan Babaýewiň halypasy, onuň agasy Zahit Babaýew
görkezdi. Zakirjan Babaýewiň döredijiliginde taryhy tema aýratyn orun tutup, ol
2018-nji ýylda “Lukman hekim” atly nakgaşçylyk işi esasynda ýerine ýetirilen ylmy işi
bilen Ýaş alymlaryň bäsleşiginde ýeňiji boldy. “Gujurly ýaşlar” sergisinde hem onuň
“Gündogar hazynasy” monumental eserinde Beýik Ýüpek ýolunyň dowamynda
türkmen halysynyň owadanlygyna haýran galýan syýahatçylaryň, söwdagärleriň
keşpleri kerwensaraýyň içindäki giňişliginde suratlandyrylypdyr. Zakirjanyň
portretleri, natýurmortlary hem ýaş nakgaşyň zehinini açyp görkezýär.
TDÝÇM-niň mugallymy Mämmet Ýarmämmedowyň halypaçylyk ýoly Baky
Mommaýewi haşamlylygy realizmi bilen utgaşdyrýan taslamalary döretmäge itergi
berdi. Halypa “Dizaýn” kafedrasynyň talyby Jeren Ataýewa jaýlaryň diwaryny
bezemek üçin niýetlenen dizaýn işlerinde modernistik äheňlerini özboluşlylyk bilen
peýdalanmagy öwredýär. Berkarar döwletimiziň durmuşyny şöhlelendirmeklik
Begenç Berkeliýewiň şägirdi Gunça Ataýewa hem başardypdyr. TDÝÇM-niň
direktory Gunça Myradowa Sähra Rejebowanyň döredijiliginde milli däp-dessurlaryň
owadanlygyny zenan keşpleri arkaly beýan etmekligi, Beýik Ýüpek ýolunyň taryhyny
Hazar deňziň ýakasyndaky portuň görnüşiniň üsti bilen beýan edilipdir.
2018-nji ýylda Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Türkmen bedewiniň
milli baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam
sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň,
halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň,
teleoperatorlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirildi we şol bäsleşikde “Grafika”
kafedrasynyň müdiri Parahat Gapançaýewiň şägirdi “Grafika” kafedrasynyñ “Stanok
grafikasy” hünäriniň III ýyl talyby Gyzylgül Hudaýberdiýewanyň “Badalgada” nakgaşlyk
eseri ýeňiji diýip yglan edildi. Ýaş suratkeşiň “Meniň maşgalam” atly eserinde
bäbegiň suwa düşürilişi suratlandyrylyp, onda naturalizmiň häsiýetleri duýulýar.
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, görnükli grafikaçy Döwletgeldi Akyýew
şägirdi Döwletgeldi Gurbanowa stanok grafikasynyň inçe syrlaryny açdy. Halypasy
ýaly Döwletgeldi tuş, pero bilen taryhy wakalary suratlandyrýar. Polat Garryýew
Ýakup Nurmyradowyň köp şekilli taslamalarynda taslama bütewiligini gazanmaga
gönükdirýär. Rahman Rahmanow şägirdi Söhbet Gylyjowyň kagyzyň ýüzünde