Page 19 - Gujurly 2018
P. 19
GUJURLY ÝAŞLAR - 2018 19
ýeňiji boldular. Aýratyn hem, D. Nyýaztuwakow döwlet derejesindäki taslama
bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, ençeme sapar baýrakly orunlara mynasyp
boldy. “Dizaýn” kafedrasynyň uly mugallymy Rozygeldi Gylyjow Ogulbaýram
Begnazarowa, Güljemal Almämmedowa ýaly şägirtlerine dizaýn sungatynyň dürli
görnüşleri boýunça tälim berýär. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Meret
Gylyjow Şyhy Öwlüýägulyýewi “Maşgala” atly dizaýn işinde dürli nyşanlary arkaly
şöhlelendirmeklige gönükdirdi. Amanmyrat Modyýew Aýbölek Babajanowanyň,
Jeren Babaýewanyň reňk duýgusyny ösdürip, dizaýn sungatyna talaplaryna
laýyklykda milli interýerleriň bezeginde goýmak üçin amatly ugurlary düşündirdi.
“Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň mugallymy Gülara Babaýewa Atamyrat
Mämmedow, Käkilik Hezretgulyýewa, Gurbansoltan Esengulyýewa, Aýtäç Daşaýewa,
Gülhanym Durdyýewa, Merjen Hanowa, Gülşat Baýryýewa ýaly şägirtlerine külalçylyk