Page 271 - Gujurly 2019
P. 271
SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI 271
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň
4-nji ýyl talyby Ýazgül Beginýazowa şol
kafedranyň uly mugallymy Ogulabat
Muhatowanyň ýolbaşçylygynda «Halkyň
ruhy mirasy (A.Kiçigulyýewiň 80 ýyllygyna
bagyşlanýar)» atly albomynda ussat
suratkeş Atabally Kiçigulyýewiň ömri we
döredijiligi barada giňişleýin maglumat
berýär. Albom makala hem-de suratkeşiň
döreden ajaýyp eserleriniň suratlary bilen
üpjün edilen. Bu albom suratkeşiň 80
ýyllygyna bagyşlanyp, «Gujurly ýaşlar -
2019» atly sergä taýýarlanan.
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň
5-nji ýyl talyby Işanguly Işangulyýewiň şol
kafedranyň müdiri Aýjan Kadyrowanyň
ýolbaşçylygynda ýerine ýetirilen
«Döredijiligiň pelsepeleri. Işanguly
Işangulyýew» atly albomda Türkmenistanyň
şekillendiriş sungatynda aýratyn orun tutýan
Türkmenistanyň sungatda at gazanan
işgäri Işanguly Işangulyýewiň nakgaşçylyk
eserlerine syn berilýär. Awtor häzirki günde
toplan maglumatlaryna esaslanyp Işanguly
Işangulyýewiň döredijilik ýolunda nakgaş
işleriniň ornuny ýüze çykarmaga hem-de
olara çeper derňewini geçirip, halypanyň
döredijilik nazarýetini bellemäge synanşýar.
Ýerine ýetirilen albom geljekde gollanma
hökmünde ulanylmaga mynasyp.
МС