Page 268 - Gujurly 2019
P. 268
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 3-nji
ýyl talyby Baýmyrat Jumaýewiň şol kafedranyň
müdiri Aýjan Kadyrowanyň ýolbaşçylygynda
ýerine ýetirilen «Türkmen bedewi 2019» atly
katalogda 2019-njy ýylda Türkmen bedewiniň
baýramy mynasybetli ahalteke atlarynyň
gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam
sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek
ugrunda nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň,
halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň,
neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň,
teleoperatorlaryň arasyndaky döredijilik sergi
bäsleşigine hödürlenen ýurdumyzyň döredijilik
işgärleriniň, Türkmenistanyň Suratkeşler
birleşiginiň agzalarynyň, Türkmenistanyň
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň we Türkmen
döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň halypa
mugallymlarynyň we talyplarynyň nakgaşlyk,
grafika, heýkeltaraşlyk, dizaýn, haly, gobelen,
zergarçilik, keramika işleri görkezilýär.
Katalogda metbugat sahypalarynda neşir
edilen halypa we ýaş sungaty öwrenijileriň
makalalary jemlenen.