Page 266 - Gujurly 2019
P. 266
SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI
266
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň
2-3-4-nji ýyl talyplary M.Annamyradowyň,
B.Jumaýewiň, M.Çerkezowyň,
M.Baýjikowanyň hem-de J.Myradowanyň
şol kafedranyň mugallymy Jeren
Baltaýewanyň ýolbaşçylygynda taýýarlan
katalogy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň «Gujurly ýaşlar» atly döredijilik
toparynyň 2019-nji ýylyň 14-nji dekabrynda
geçirilen döredijilik sergisine bagyşlanýar.
Sergi hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýyly
– «Türkmenistan – rowaçlygyň Watany» diýip
yglan etmegine ýaş suratkeşlerimiziň we
sungaty öwrenjilerimiziň janly seslenmesini
görkezýär. «Gujurly ýaşlar – 2019» atly sergide
zehinli ýaşlaryň ýylyň dowamynda alnyp barlan
işleriň özboluşly hasabatydyr. Nakgaşçylyk we
taslama, Grafika, Heýkeltaraşlyk, Arhitektura,
Dizaýn, Amaly-haşam sungaty, Sungaty
öwreniş kafedralaryna degişli talyplaryň we
uçurymlaryň döredijilik eserlerinde diýarymyzyň
taryhy sahypalary, medeni mirasy, bu günki
bagtyýar döwri şöhlelendirilýär. Katalog 200-den
gowrak işleriň fotosuratlaryndan, olar baradaky
maglumatlardan we sergi dogrusynda ýazylan
makalalardan düzülýär.
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň
2-nji ýyl talyby Amantuwak Aýnazarowa
şol kafedranyň uly mugallymy Maýa
Jumaniýazowanyň ýolbaşçylygynda ýerine
ýetirilen «Sungata bagyşlanan ömür» atly
kitapda türkmen şekillendiriş sungatynda uly
yz galdyran suratkeş Azat Jumaniýazowanyň
döredijiligine bagyşlanyp, sungaty öwrenijileriň
makalalary, fotosuratlary we suratlaryň sanawy
bilen üpjün edilen.