Page 270 - Gujurly 2019
P. 270
SUNGATYŇ TARYHY WE NAZARYÝETI
270
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 3-nji
ýyl talyby Deňiz Taganow «Jemgyýeti öwreniş
ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymy
Ýazgül Ýusupowanyň ýolbaşçylygynda
ýerine ýetirilen «Ýarly Baýramow. Grafika»
atly kitapçada Türkmenistanyň şekillendiriş
sungatynda aýratyn orun tutýan Ýarly
Baýramowyň grafika işlerine syn berilýär.
Awtor häzirki günde toplan maglumatlaryna
esaslanyp (Ataýewa Maral Bagşyýewna
bilen geçirilen söhbetdeşligi we sungaty
öwreniji Irena Kistowiçiň düzen katalogy),
Ýarly Baýramowyň döredijilik ýolunda grafiki
işleriniň ornuny ýüze çykarmaga hem-de
olara çeper derňewini geçirip halypanyň
döredijilik nazarýetini bellemäge synanşýar.
Ýerine ýetirilen albom-kitapça geljekde
gollanma hökmünde ulanylmaga mynasyp.
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň
4-nji ýyl talyby Oguldursun Çüriýewa şol
kafedranyň mugallymy Jeren Baltaýewanyň
ýolbaşçylygynda «Halkyň durmuşyndan
ylham alan suratkeşler» atly albomy Garaşsyz
Türkmenistanyň nakgaşçylygyndaky
türkmen halkynyň durmuşyny şöhlelendirýän
eserlerine bagyşlanyp, awtoryň makalasy
we suratkeşleriň eserleri bilen üpjün
edilen. «Gujurly ýaşlar – 2019» atly sergä
çykarylan bu albom nakgaşçylyk sungaty
bilen gyzyklanýan okyjylar üçin gymmatly
gollanma bolup durýar.