Page 270 - Gujurly 2018
P. 270

“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň gujurly ýaşlary bu sergä özleriniň
               ylmy  gollanmalary,  albomlary  we  makalalary  bilen  gatnaşdylar.

               “Gujurly ýaşlar” sergisine “Sungaty öwreniş” kafedrasyndan on ýedi
               talyp gatnaşdy. Talyplar şekillendiriş sungatynyň taryhy nazaryýetini
               içgin öwrenip, halypa suratkeşler we olaryň döredijiligi barada gyzykly
               maglumatlary toplap, geljekki ýaşlar üçin okuw gollanmalaryny ýazýarlar.
               Şeýle-de, zehinli talyplar döredijilik sergilerine bagyşlanan kataloglary
               döretmekde uly işleri alyp barýarlar. Okuw gollanmalarda A.Hajyýew,
               I.Gylyjow,      S.Artykmämmedow,             B.Annamyradow,            S.Babaýew,
               W.Gyllyýewa ýaly ussat halypa suratkeşlerimiziň döredijilikleri, olaryň
               döreden eserleriniň türkmen şekillendiriş sungatynda tutýan orny we

               ýetiren täsiri barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Türkmen sungaty
               bilen birlikde dünýä sungatynyň görnükli eserleri öwrenilip, olar barada
               gyzykly  maglumatlar  toplanyldy.  Bu  ylmy  gollanmalary  döretmekde
               gujurly  ýaşlara  halypalyk  eden  mugallymlar  Maýa  Jumaniýazowa,
               Ogulabat  Muhatowa,  Nurýagdy  Ýagşymyradow,  Aýjan  Kadyrowa,
               Arslan Adaýew, Jeren Baltaýewa, Azat Alihanow, hem-de kafedranyň
               ýaş mugallymlary Jemal Toryýewa we Bahar Magtymowa.
   265   266   267   268   269   270   271   272   273   274   275