Page 266 - Gujurly 2017
P. 266
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby
Perman Hojamowyň Ýazgül Ýusupowanyň
ýolbaşçylygynda “Görogly şadessanynyň kitap
bezegi” atly gollanmasy milli mirasymyzyň
ajaýyp nusgasy bolan Görogly şadessanynyň
Türkmenistanda dürli ýyllarda çykan neşirleriniň
kitap bezeg suratlaryny bir ýere jemläp, bu
temadaky eserler hakynda söhbet açýan
makalany, şeýle-de baryp geçen asyryň 40-
njy ýyllaryndan bäri bu tema degişli döredilen
işleriň hronologiki tertipde, yzygiderli goýlan
fotosuratlaryny we olar baradaky maglumatlary
özünde jemleýär.
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy
Göwher Saparmyradowanyň ýolbaşçylygynda
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň talyby Bahar Magtymowanyň
taýýarlan bu katalogynda Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň nakgaşçy, grafi kaçy,
kinoaktýor suratkeşi Baýramdurdy Nuryýewiň
döredijilik sergisine bagyşlanan. Katalogda
B.Magtymowanyň, G.Saparmyradowanyň,
S.Babaýewiň, A.Annaýewiň, J.Nuryýewiň
makalalarynda suratkeş B. Nuryýewiň döredijilik
eserlerine sungaty öwrenijilik taýdan syn berlen
hem-de suratkeşiň nakgaş eserleri, fotosuratlary
ýerleşdirilen.
266