Page 262 - Gujurly 2017
P. 262
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mu-
gallymy Göwher Saparmyradowanyň ýolbaş-
çylygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň talyby II ýyl talyby Guwanç
Mämmiýewiň ýerine ýetiren Türkmenistanyň
şekillendiriş sungatynda Mollanepesiň keşbi
kitabynda şekillendiriş sungatynyň ussat wekilleri
tarapyndan döredilen Mollanepesiň keşbi
hakynda beýan edilip, bu Türkmenistanyň
şekillendiriş sungatynda yşk mülküniň şasy
Mollanepesiň keşbine gyzyklanma bildirýänlere
gollanma hökmünde peýdalanmak bolar.
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň mugallymy
Ogul-Abat Muhatowanyň ýolbaşçylygynda
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademi-
ýasynyň talyby Şatlyk Saparow tarapyndan
taýýarlanan bu kitap tanymal türkmen
heýkeltaraşlarynyň biri Magtymguly Nurymowyň
döredijiligine bagyşlanan. Neşirde ilkinji gezek
heýkeltaraş Magtymguly Nurymowyň haşam,
monumental we stanok heýkelleri Türkmenistanyň
Döwlet şekillendiriş muzeýiniň hem-de şahsy
ýygyndylardan toplanan eserlerinden düzüldi.
Kitap şekillendiriş sungaty bilen gyzyklanýan giň
okyjylar köpçüligine niýetlenýär.
262