Page 263 - Gujurly 2017
P. 263

“Sungaty  öwreniş”  kafedrasynyň  müdiri
                  Altynjemal  Baýlyýewanyň    ýolbaşçylygynda
                  Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademi-
                  ýasynyň  4-nji  ýyl  talyplary  Wepa  Sultanowyň
                  we     Bilbil   Muhammedowanyň               “Annadurdy
                  Almämmedow” atly kitabynyň dizaýn işini ýerine
                  ýetirdiler.  Bu  kitap  türkmen  nakgaşy  we  teatr-
                  dekorasiýa  sungatynyň  tanymal  suratkeşi,  köp
                  ýyllyk  mugallymçylyk  zähmetiniň  dowamynda
                  suratkeşleriň  ençeme  neslini  terbiýeläp  ýetiş-
                  diren  görnükli  halypa  suratkeşi  Annadurdy
                  Almämmedowyň döredijiligine bagyşlanýar.




























                         Sungaty       öwreniş”      kafedrasynyň         4-nji
                  ýyl  talyby  Moýtyýew  Döwrangeldiniň  Arslan
                  Adaýewiň         ýolbaşçylygynda          “Rowaýatlaryň
                  mesgeni” atly taýýarlan katalogy Türkmenistanyň
                  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynda  gurnalan
                  Türkmenistanyň  sungatynda  at  gazanan  işgäri,
                  erkin    suratkeş      Allamyrat      Muhammedowyň
                  döredijilik  sergisine  bagyşlanýar.  Sergi  ussat
                  suratkeşiň  türkmen  taryhyna  we  onuň  beýik
                  şahsyýetlerine,  medeni  mirasymyza  bagyşlanan
                  eserleri görkezýär. Katalog ýüzden gowrak 300-
                  e  golaý  eserleriň  fotosuratlaryndan  we  olar
                  baradaky  maglumatlardan,  sergi  dogrusynda
                  ýazylan makalalardan düzülýär.























                                                                                                                                         263
   258   259   260   261   262   263   264   265   266   267   268