Page 265 - Gujurly 2017
P. 265
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň
4-nji ýyl talyby Arçyn Haýdarowyň Aýjan
Kadyrowanyň ýolbaşçylygynda “Reňkleriň
täsinligi” atly katalogynyň dizaýn işini ýerine
ýetirip, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynda gurnalan Türkmenistanyň
sungatynda at gazanan işgäri Kamil Weliahme-
dowyň sergisine bagyşlanýar. Sergide ussat
suratkeşiň ýurdumyzyň dürli künjeginde ýerine
ýetiren ajaýyp peýzažlaryna, türkmen bedewiniň
keşbine hem-de sungat adamlarynyň portretlerine
bagyşlanan eserleri görkezilýär. Katalog 100-
den gowrak eserleriň fotosuratlaryndan we olar
baradaky maglumatlardan, sergi dogrusynda
ýazylan makaladan düzülýär.
“Sungaty öwreniş” kafedrasynyň
uly mugallymy Ogul-Abat Muhatowanyň
ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň 5-nji ýyl talyby Aýna
Orazgeldiýewa tarapyndan ýerine ýetirilen.
Bu ylmy gollanmada 1920-njin ýyldan biziň
günlerimize çenli türkmen şekillendiriş sungatynyň
taryhynyň grafi ka ugrunda işlän suratkeşleriň
döredijilik ýollary yzarlanyp, olaryň görnükli portret
eserlerine sungaty öwrenijilik taýdan syn berilýär.
265