Page 17 - Gujurly 2019
P. 17
birikdirilip, naýza uçly şelpeler bilen jemlenýär. Bu bukawyň iki gyrasy şelpeli
düwme bilen görkezilendir. Bukawyň boýna gidýän böleginde iki gatdan
ybarat ösümlik nagşynyň aralygynda kakma usulynda edilen nagyşlaryň
hatary dowam edýär.
Küýzegärlik sungatynda Orazgözel Muhammetmyradowanyň
“Nagyşlaryň gözelligi” (küýzeler toplumy), Atamyrat Mämedowyň “Millilik”,
Aýna Akmammedowanyň “Güýz pasly”, Gülşat Baýryýewanyň “Könürgenjiň
mirasy”, Gülhanym Durdyýewanyň “Maru-Şahu jahanym”, Merjen Hanowanyň
“Türkmen saçagy” ýaly eserlerinde türkmen halkynyň geçmiş taryhy, gadymy
bina ýadygärlikleri, türkmen sährasynyň ajaýyp keşbi şöhlelendirilýär.
Gurbansoltan Esengulyýewanyň “Gadymy ýadygärlikler” atly
küýzeler toplumynda alty sany küýzeler ýerine ýetirilýär. Küýzeleriň her
birinde Türkmenistanyň gadymy bina ýadygärlikleri bolan Soltan Sanjaryň,
Gyzlar galasynyň, Dehistanyň, Paraw Bibiniň, Idris babanyň, Astana
babanyň bina ýadygärlikleri şekillendirilip, kerpiç örümleriniň şekilleri oýma
usulynda suratlandyrylýar. Küýzeleriň haşam bezeglerinde Dehistanyň bina
ýadygärliginiň daşky bezegindäki nagyşlar ak hem-de gök angob reňkinde
şöhlelendirilipdir.
Käkilik Hezretgulyýewanyň “Türkmen tebigaty” atly küýzeler toplumynda
tebigatyň gözelligi bolan ösümlik dünýäsi nagyşlara geçirilip janlandyrylýar.
Küýzäniň ýerligi açyk gök angob reňkinde bolup, aşaky böleginde suw
tolkunyny aňladýan nagyşyň gaýtalanmasy suratlandyrylýar. Ondan ýokarda
ýaprakly gülleriň şekili görkezilýär. Bu küýzäniň göwrüminiň merkezinde guşly
gölli nagyşyň içinde ak pagtanyň gülleýşi, gozalanyşy, gozalaryň patrak ýaly
açylyp duran şekili haly nagşynyň içinde jemlenýär. Küýzäniň tutawajy iki
taraplaýyn suw tolkunynyň nagşy bilen şekillendirilýär.
Gobelen sungatynda Oguljennet Mollaýewanyň “Natýurmort”, Aýjemal
Mamurowanyň “Miweli daragt”, Şirin Myradowanyň “Jennet bagy”, Nurana
Abaýewanyň “Bahar buşlukçysy”, Jeren Rahmanberdiýewanyň “Türkmen
tebigaty” ýaly döredijilik eserlerinde tebigatyň dag-düzlügi, çeşme-çaýlary,
ir-iýmişli bag-bakjalary, güýz hem-de bahar paslynyň ajaýyp keşbi ýaş
ussatlaryň eserlerinde janlandyrylýar.
Zehinli ýaşlarymyzyň döredijilik ukybynyň kämil bolmagynda, bilim
berýän ussat halypalarymyzyň siňdirýän zähmetiniň belentdigini bellemek
gerek. Çünki, halypalarymyzyň maslahatlary, okuw sapaklary ýaşlaryň
mukaddes watanyna bolan söýgüsini artdyrýar.
Bilbil Çaryýewa,
Türkmenistanyň Döwlet
çeperçilik akademiýasynyň
uly ylmy işgäri
17