Page 15 - Gujurly 2019
P. 15

MILLI SUNGAT ÝAŞLARYŇ

                                                                         YLHAMYNDA






                                                 Mälim bolşy ýaly 2016-njy ýyldan bäri her ýylyň ahyrynda Türkmenistanyň
                                         Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda “Gujurly ýaşlar” atly zehinli
                                         talyplaryň  döredijilik  sergisi  geçirilýär.  Ýyl  geçdigiçe  bu  sergä  gatnaşýan
                                         ýaş zehinleriň sany barha artýar. “Gujurly ýaşlar” atly döredijilik serginiň bu
                                         gezekki sanynda çeperçilik akademiýanyň talyp ýaşlary bilen bilelikde sungat

                                         ojagymyzy  tamamlan,  ýurdumyzyň  dürli  künjeginde  döredijilikli  zähmet
                                         çekýän ýaş uçurymlarymyz hem gatnaşdylar.
                                                 Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynda  geçirilýän  şahsy
                                         hem-de  toparlaýyn    sergileriň,  yzygiderlikde  gurnalýan  ussat  halypalar
                                         bilen döredijilik duşuşyklaryň geçirilmegi ýaşlaryň  Watana, hünärine bolan
                                         söýgüsini  has-da  artdyrýar.  “Türkmenistan  –  rowaçlygyň  Watany”  ýylynda
                                         “Gujurly ýaşlar” atly döredijilik sergide  şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk,

                                         grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn, amaly-haşam sungatynyň eserleri
                                         hem-de  ýaş  sungaty  öwrenijileriň,  taýýarlan  albomlarydyr,  kitapçalary
                                         sergilenip, halk köpçüligine ýetirildi. Şekillendiriş sungatynyň bu ugurlarynda
                                         ýerine ýetirilen ýaş zehinleriň eserlerinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk
                                         döwrüniň  belent  sepgitleri,  asyrlara  uzaýan  menzilleri  özboluşly  çeper
                                         döredijilikli beýan edilýär.
                                                 Ýaş suratkeşleriň zehin başarnygy amaly-haşam sungatynyň eserlerinde
                                         milli mirasymyzyň gadymy nusgalaryna salgylanyp, täzeçe öwüşgün berlip,
                                         kämilleşdirilip,  ýerine  ýetirilen  döredijilik  işleriniň  aňyrsynda  ýatan  irginsiz

                                         zähmetiň, gujur gaýratyň ylham-hyjuwynyň jemlenendigine göz ýetirýärsiň.
                                         Zergärçilik  sungatynda  ýaş  mugallym  Şirin  Gylyjowanyň  “Bukow”, Akjagül
                                         Jumaýewanyň  “Altynjan  Hatyn”,  Aýbibi  Nurmedowanyň  “Tumar”,  Gunça
                                         Jepbarowanyň “Gyz arzuwy”, Begenç Amanowyň “Bukow”, Nedir Mämiýewiň
                                         “Gadymyýetiň  ýaňy”,  Hemra  Taganowyň  “Köýtendag  gözelligi”,  Abraý
                                         Annaýewiň “Rowaç” ýaly döredijilik eserleri bellenilmäge mynasypdyr.
                                                 Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasynyň  ýaş  mugallymy

                                         Aýjemal  Çaryýewanyň  gelin-gyzlaryň  bezeg  şaýy  bolan  “Baga  gireli”  atly
                                         bukawy  özboluşlylygy  bilen  tapawutlanýar.  Ýaş  ussat  çeper  döredijiliginde
                                         ata-babalarymyzyň  döreden  gadymy  nusgalaryndan  ugur  alyp,  özüniň
                                         çeper elini baýlaşdyryp, kämil eserleri döredýär. Onuň metaly we daşy işläp
                                         bejermekde tehnikanyň ençeme usullary: nagyş basma, oýup nagyş etmek,
                                         gabartma, guýma, garalama, altyn çaýma ýaly görnüşlerini ulanýar. Aýjemal
                                         Çaryýewanyň  “Baga  gireli”  atly  bukawy  Jepbar  Hansähedowyň  sazyna
                                         bagyşlanyp döredilen ajaýyp eserdir. Bukawyň merkezi hatarynda ýerleşdirilen
                                         dokuz  sany  hakyk  gaşynyň  aralygynda  bagy-bossanlygyň  içinde  bir  eline

                                         ýaplanyp  duran  zenan  sudurlaryny  berýän  altyn  plastinkalary  yzygiderli
                                         gaýtalanyp, aşaky hem-de ýokarky bölegi örüm nagşy bilen şekillendirilýär.
                                         Onuň  aşagyndan  özara  sazlaşýan  hakyk  gaşy  oturdylan  ösümlik  nagyşy
                                         we aşaklygyna gaýdýan pöwrüze gaşly aralyk nagyşlary örüm zynjyrlaryna


                                                                                                                                         15
   10   11   12   13   14   15   16   17   18   19   20