Page 179 - Gujurly 2016
P. 179

179













 GUJURLY ÝAŞLARYŇ


                                                                              “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Wepa
                                                                        Sultanowyň  Altynjemal  Baýlyýewanyň  ýolbaşçylygynda
 YLMY IŞLERI...                                                         Türkmenistanyň  Döwlet  çeperçilik  akademiýasy  barada

                                                                        taýýarlan albomynda okuw jaýynyň döredilişi, onda hünär-
                                                                        menleriň  taýýarlanyşy  dogrusynda  giň  maglumatlar  beri-
                                                                        lýär. Albomda talyplaryň diplom we ýyllyk işleriniň köpsanly
                                                                        fotosuratlary  jemlenip,  akademiýada  alnyp  barylýan  işler
                                                                        dogrusynda ýazylan makalalar hem-de akademiýanyň dur-
                                                                        muşyndan habar berýän fotosuratlar toplanan.













                                                                              “Sungaty  öwreniş”  kafedrasynyň  3-nji  ýyl  talyplary
                                                                        Wepa  Sultanowyň  hem-de  Bagtygül  Hojageldiýewanyň
                                                                        Altynjemal  Baýlyýewanyň  ýolbaşçylygynda    taýýarlan  ka-
                                                                        talogy Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
                                                                        gujurly  ýaşlarynyň  ilkinji  döredijilik  sergisine  bagyşlanýar.
                                                                        Sergi bu günki gün ýaşlarymyzyň taryhymyza, medeni mira-
                                                                        symyza, häzirki bagtyýar döwrümiziň ösüşlerine ýüzlenýän-
                                                                        digini hem-de olaryň akademiýanyň  talabyna görä kämil
                                                                        işleri  döredýändigini  görkezýär.  Katalog  ýüzden  gowrak
                                                                        eserleriň fotosuratlaryndan we olar baradaky maglumatlar-
                                                                        dan, sergi dogrusynda ýazylan makalalardan düzülýär.


















                                                                              “Sungaty öwreniş” kafedrasynyň 3-nji ýyl talyby Şatlyk
                                                                        Piriýewiň  Ýazgül  Ýusupowanyň  ýolbaşçylygynda  taýýar-
                                                                        lan gollanmasy gazet-žurnallarada çap edilen makalalaryň
                                                                        ýygydysyny özünde jemläp, onda medeniýetimiziň we sun-
                                                                        gatymyzyň  ähmiýetli  ýädygärliklerini,  amaly-haşam  sun-
                                                                        gatynyň, binagärçilik, heýkeltaraşlyk, nakgaşçylyk eserleri
                                                                        baradaky maglumatlary özünde jemleýär. Gollanma kitaby
                                                                        medeniýeti  we  sungaty  öwreniş  hünärleri  boýunça  bilim
                                                                        alýan ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, orta hünär okuw
                                                                        mekdebiniň hem-de sungat bilen gyzyklanýan okyjylar peý-
                                                                        dalanyp bilerler.
   174   175   176   177   178   179   180   181   182   183   184