Page 208 - Gujurly 2018
P. 208
Bilim ojagymyz bolan çeperçilik akademiýamyzda geçirilen
‘Gujurly ýaşlar” atly talyp ýaşlaryň döredijilik sergisiniň aglaba bölegi
“Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň zehinli talyplarynyň döreden
eserlerinden ybarat bolup, jemi altmyş bir sany talyp özleriniň eserleri
bilen gatnaşdylar. Bu sergide “Amaly-haşam sungaty” kafedrasyndan
jemi altmyş sekiz sany talyp özleriniň eserleri bilen gatnaşdylar.
Amaly-haşam sungatynyň zergärçilik, halyçylyk, küýzegärçilik ýaly
bölümlerine degişli eserler özüniň nepisligi, inçeligi, owadanlygy bilen
bu sergide aýratyn oruna mynasypdyr.
Amaly-haşam sungatynyň iň inçe görnüşleriniň biri zergärçilikdir.
Talyp ýaşlar zergärçilik önümleriniň birnäçe görnüşlerini, gelin-
gyzlarymyzyň şaý-sepleri, türkmen ahal-teke atlarymyzyň bezeg
şaýlary, “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli ýaryşyna bagyşlanan
suwenirleri (ýadygärlik) ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Zergär
eserleriň içinde Akjagül Jumaýewanyň “Zybagözel”, Şirin Gylyjowanyň
“Gülparça”, Aýgül Ýazmyradownyň “Dowamat”, Kakamyrat Çüriýewiň
“At şaý toplumy” alty eserleri has-da tapawutlandy.
Halyçylyk we gobelen sungatyna degişli eserlerinde halyçy ýaşlar
birnäçe temalara ýüzlenipdirler. Bu nepis sungata degişli Gülşat
Ýollyýewanyň, Mähri Annamyradowanyň, Zübeýda Sytdyhowanyň,
Geldimämmet Baýramgulyýewiň, Nurana Bekmuradowanyň döreden
eserleri aýratyn tapawutlandylar. Esasanam türkmen tebigatyny
milli nagyşlarymyzyň üsti bilen taryplap gapylyk, horjun, çuwal,
torba ýaly haly önümlerini ýerine ýetirdiler. Halyçylyk hünärinde
bilim alýan talyplar hem özleriniň halypa mugallymlarynyň berýän
maslahatlaryndan ýerlikli peýdalanyp ajaýyp eserleri döredipdirler.
Keramika sungatynda hem birnäçe zehinli talyplar özleriniň
döreden eserleri bilen gatnaşyp bu sergä uly goşandyny goşdylar.
Keramika sungaty hem inçe sungatlarynyň biri bolup, irginsiz zähmeti
talap edýär. Zehinli talyplar ussat küýzegär mugallymlaryň halypalyk
etmeginde giň many-mazmunly keramika eserleri döredipdirler. Olardan
Ahmet Orryýewiň, Merjen Hanowanyň, Käkilik Hezretgulyýewanyň,
Gülşat Baýryýewanyň, Gülhanym Durdyýewanyň döreden keramika
eserleri has-da tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Umuman “Amaly-
haşam sungaty” kafedrasynyň zehinli talyplarynyň döreden täsin
eserleri sergide aýratyn orun tutýar. Bu ajaýyp eserlere seredeniňde,
bolsa bu kafedranyň halypa mugallymlaryň çekýän zähmetiniň ýerine
düşendigini görmek bolýar.
“Amaly-haşam sungaty” kafedrasynyň talyplaryna ýolbaşyçylyk
eden halypa mugallymlar Dursunsolmaz Muhammedowa, Annabibi
Islamowa, Annaguly Hojagulyýew, Muhammetoraz Annaamanow,
Oguljennet Mollaýewa, Nurjemal Seýitberdiýewa, Gülşirin Berdiýewa,
Altyn Muhammedowa, Gözel Babaýewa, Gülara Babaýewa, Mürrükow
Nurýagdy, Ogulgerek Myradowa, Hezretguly Annageldiýew, Çaryýewa
Aýjemal.