Page 182 - Gujurly 2018
P. 182

“Dizaýn” kafedrasynda şekillendiriş sungatynyň dizaýn ugurlary
               boýunça ýagny, grafika dizaýny, senagat dizaýny, egin-eşik dizaýny,

               daşky  gurşaw  dizaýny  ýaly  hünärler  öwrenilip,  bezeg  işleri  alynyp
               barylýar.  “Gujurly  ýaşlar”  sergisine  bu  kafedradan  jemi  ýigrimi  dört
               sany  zehinli  talyplar  gatnaşdy.  Talyplaryň  eserleri  esasy  durmuşy
               we  taryhy  temada,    natýurmortlary,  tebigaty  şekillendirmek  bilen
               interýer  bezeginde  ulanylýan  esbaplary  işlediler.  Ogulbaýram
               Begnazarowanyň reňkli aýna böleklerinden “Agaýunus periniň” çeper
               keşbini, Oguljemal Meredowanyň “Türkmen sährasy” atly işinde bolsa
               haşam  nagyşlaryň  üsti  bilen  türkmen  topragynyň  gözel  tebigatyny
               suratlandyrdy. Aýratynam, awtoralli ýaryşy bilen baglanşykly temada,

               dürli  materiýallardan,  dizaýn  işleri  Döwletmämmet  Nyýaztuwakow,
               Eziz Rahmankulow, Muhammet Baratow ýaly zehinli talyplaryň ýerine
               ýetiren eserlerini synlamak bolýar.
                     “Dizaýn”  kafedrasynyň  gujurly  ýaşlaryna  halypalyk  eden
               mugallymlar  Rozygeldi  Gylyjow,  Jumageldi  Amangeldiýew,  Meret
               Gylyjow,  Aman  Modyýew,  Oksana  Olokina,  Hoşgeldi  Atasaparow,
               Jumageldi Amangeldiýew, Meýlis Hojamämmedow, Jemal Lallykowa,
               Ogulgeldi Mämmedowa, Arslan Atahanow.
   177   178   179   180   181   182   183   184   185   186   187