Page 146 - Gujurly 2018
P. 146
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda 2018-nji
ýylda geçirilen “Gujurly ýaşlar” atly talyp ýaşlaryň döredijilik sergisinde
“Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň zehinli talyp ýaşlarynyň döreden
eserlerini synlamak bolýar. Bu sergä “Heýkeltaraşlyk” kafedrasyndan
jemi on dokuz sany talyp täze döreden eserleri bilen gatnaşdylar.
Zehinli, ýaş heýkeltaraşlar döredijilik işlerinde dürli temalara ýüzlenip,
birnäçe giň many-mazmuny özünde jemleýän eserleri döredipdirler.
Heýkel eserlerden Suraý Kerkiýewanyň “Söwda” atly eseri taryhy
wakany ýagny, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky söwda bazarlaryndan
bir pursady açyp görkezýär. Talyp bu eserinde bazarda söwda edip
duran küýze satýan söwdegäre agtyjygynyň kömek edip duran
pursadyny şekillendiripdir. Seýitmyrat Myradowyň “Awçy”, Nöker
Seýtiýewyň “Çopan”, Narjan Kurbanowanyň “Tansçy gyzlar” atly
heýkel eserleri tomaşaçylaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Talyplar
taryhy temalardan başga-da, sport temasynda hem birnäçe eserleri
döredipdirler. Olardan Meýlis Myradow, Abat Gurbanmuhammedowa,
Merjen Işankulowa öz eserlerinde 2018-nji ýylda Hormatly
Prezidentimiziň badalga bermegi bilen Ýurdumyzda geçirilen “Amul-
Hazar-2018” atly halkara awtoralli bäsleşiginden özlerine ýakyn bolan
pursady aýdyň görkezmegi başarypdyrlar. Mundan başga-da, sport
temada Agaýew Serdar, ýaňy-ýakynda Ýurdumyzda geçirilen agyr
atletika sportyna bagyşlanan eserini döredýär.
“Heýkeltaraşlyk” kafedrasynyň gujurly ýaşlarynyň döreden
eserleri ýaşlara halypalyk edýän, halypa heýkeltaraşlaryň irginsiz
çekýän zähmetiniň miwesidi. Bu ugurda zehinli talyplara halypalyk
eden mugallymlar Babasary Annamyradow, Saragt Babaýew, Şirmyrat
Hojagulyýew, Gurbangeldi Gaýypberdiýew, Maksat Tugurow.