Page 118 - Gujurly 2018
P. 118
“Gujurly ýaşlar” sergisine “Grafika” kafedrasyndan zehinli
talyplaryň on bäşisi gatnaşdy. Bu ugurda şekillendiriş sungatynyň
stanok grafika, kitap grafika we plakat grafika boýunça hünärmenler
taýýarlanylýar. Talyplar eserlerinde taryhy şahsyýetlerimiz bilen
baglanyşykly wakalary, türkmen halkynyň durmuşyndan gyzykly
pursatlary şöhlelendirýärler. Şeýle-de, “Türkmenistan Beýik Ýüpek
ýolunyň ýüregi” diýen ýylynyň ady bilen baglanşykly we taryhy
wakalaryň biri bolan “Amul-Hazar 2018” atly halkara awtoralli ýaryşyny
şöhlelendirdiler. Uçurym talyplarymyz Öwezýaz Ereşow grafikanyň
ofort tehnikasynda işlän “Pulhatyn köprüsi” atly eserinde köprüniň
üstünden düýe kerwenleriniň geçip baryşy inçelik we ussatlyk bilen
işlenipdir. Dünýägözel Akynýazowanyň “Sazlaşyk” atly eserinde zenan
maşgalasynyň durmuş ýolunyň geçiş pursady owadan, sazlaşykly
wasp edilipdir. Gyzylgül Hudaýberdiýewanyň “Meniň maşgalam” atly
işinde bolsa türkmen halkynyň däp-dessuryny şöhlelendirýän ýagny,
ýaş çaganyň çileden çykarylyş pursadynyň ýoly suratlandyrylýar.
Mundan başga-da olaryň arasynda zehinli talyplaryň ýerine ýetiren
tuşyň we çäkli reňkleriň üsti bilen, çylşyrymly, oýlandyryjy, giň mana
ýugrulan grafiki işleri hem görmek bolýar.
“Grafika” kafedrasynyň gujurly ýaşlaryna halypalyk eden
mugallymlar Türkmenistanyň halk suratkeşi Hajy Atakgaýew, Parahat
Gapançaýew, Döwlet Akyýew, Polat Garryýew, Dilorom Ýakubowa,
Çemen Öräýewa, Rahman Rahmanow.