Ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň amala aşyrýan il-ýurt bähbitli, durmuş-ähmiýetli işleriniň netijesinde ýaş nesil hakynda edilýän aladalar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Bedew bady bilen öňe barýan asuda, parahat watanymyzyň rowaçly menzilleri dünýä ýaň salýar. Biz muny ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda gazanylan ägirt uly işlerde görýäris. Jemgyýetimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlanyp, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň bilim almak mümkinçiliginiň döredilmegi aýratyn bellärliklidir. Ýurdumyzyň orta okuw mekdeplerinde, başlangyç hünär, orta hünär we ýokary hünär bilim ojaklarynda dünýäniň ösen döwrebap okuw tehniki enjamlary we täze tehnologiýalary ornaşdyrylyp, okatmagyň innowasion usulyýeti giňden peýdalanylyp ýaşlara bilim berilýär.


Gahryman Arkadagymyz: “Iň gymmatly hazyna terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir” diýip belleýär. Ata-babalarymyz hemişe ýaş nesliň edep-terbiýesine, bilimine, beden saglygyna we ruhy kämilligine uly üns beripdir. Edep-terbiýe, ylym-bilim hemişe ynsanyň bedeninde sazlaşykda bolýar. Ylmyň-bilimiň çägi ýok. Giň umman ýaly aňrysyna bärsine göz ýetmeýär. Bu ummanda näçe kürekleseň, ynsanyň ýagty ertirini şöhlelendirýär.


Eziz Diýarymyzda her ýylyň 1-nji sentýabrynda “Bilimler we talyp ýaşlar” gününiň dabarasy belende göterilýär. Bu günde bilim basgançagyna täze gadam basan körpelerimiziň, talyp ýaşlarymyzyň durmuşynda ýatdan çykmajak, kalbynda orun alan arzuwunyň şatlygy bolup baky ýaňlanýar. Ynsan kalbyndaky mukaddes Watanyňa bolan söýgi, mähir bilen gurşalýar.


Ir säher bilen dogup gelýän günüň şöhlesi Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ajaýyp binasyna nuruny saçdy. Nurly günüň ýalkymy, sungat eserleri bilen bezelen dabaranyň ylhamyny hasam joşdurdy. Dabara gatnaşýan mugallymlaryň hem-de talyp ýaşlaryň ýüz keşbinde şatlyk bar. Olaryň buýsançly başlaryna gözüň düşende, sende, belent dagyň çür depesine çykan ýaly joşgun döredýär.


Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda geçirilen “Bilimler we talyp ýaşlar” gününiň dabarasy, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belentden ýaňlanmagy bilen başlandy. Bu dabara mähirli gutlaglar we aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. Soňra, Türkmenistanyň Döwlet Baýdagyna tagzym edip, talyp ýaşlar “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly ilkinji okuw sapagyna gadam basdylar.


Häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda ýaşlaryň döredilijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Döwrümiziň medeniýetine hem-de sungatyna uly goşant goşjak ýaş zehinler terbiýelenýär. Bu ýerde şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk, binagärlik, dizaýn we  amaly-haşam sungatynyň, halyçylyk, zergärçilik, keramika ýaly ugurlarynda, döwrebap ösen tehnologiýalaryň üsti bilen ýaşlar bilimlerini artdyrýarlar. Ussat halypalaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde ençeme döredijilik duşuşyklary, döredijilik bäsleşikleri yzygiderli gurnalýar. Bu bolsa, ýaşlarymyzyň sungat biliminiň hasam giňemegine, döredijilik gözlegleriniň ýokarlanmagyna getirýär. Ýurdumyzda geçirilýän döwlet hem-de halkara derejesindäki döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.


Her ýylda Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynyň diwary talyp ýaşlaryň gözel sungat eserleri bilen bezelýär. Döwrümiziň şöhratly taryhyndan ylham alýan ýaş zehinleriň döredijiligi baý mazmuny bilen tapawutlanýar. Berkarar Watanymyzyň ajaýyp üstünliklerini wasp edýän ýaşlaryň döredijilik eserleri halkymyzyň söýgüsini gazanýar.


Türkmen medeniýetiniň we şekillendiriş sungatynyň ösmegine uly goşant-goşjak Watanymyzyň kuwwaty bolan ýaş nesillerimize döredilip berlen ähli mümkinçilikler diýseň guwandyryjydyr. Ählimize nusgalyk mekdep bolýan alym
Arkadagymyzyň hem-de ýaşlara ähli ugurda, görelde bolýan Arkadagly Serdarymyzyň
janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Gadamlary batly, işleri rowaçly ýollarda diňe üstünliklere beslensin!


Asuda, parahat ýurdumyzda bagtyýarlygyň, berkararlygyň gadamyndan ruhlanan ähli türkmen ýaşlaryny, bilim işgärlerini  Bilimler we talyp ýaşlar güni” bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.



 



                                                               
                  
         Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik 

akademiýasynyň uly ylmy işgäri 



                                      



                                                 

Поделиться

28/04/2025

Достижения, наполненные славой

26 апреля 2025 года было наполнено незабываемыми моментами в творческой жизни преподавателей и студентов Государственной академии художеств Туркменистана. В эту знаменательную дату на нашей любимой родине состоялось праздничное торжество, посвященное славе туркменского скакуна. В творческом конкурсе, посвященном нашим небесным скакунам, талантливые преподаватели и студенты нашего центра искусств были награждены премией нашего Уважаемого Президента. Сегодня по случаю этого знаменательного события в Академии художеств прошла поздравительная церемония. Это еще раз усилило любовь нашей талантливой молодежи к избранным ими профессиям.

28/04/2025

Достижения

26 марта 2025 года в поэтическом конкурсе «Да здравствует мирная жизнь – проникновенные слова нашего героя Аркадага», проведенном среди студентов высших учебных заведений нашей страны, организованном Туркменским государственным институтом культуры, студент 3 курса отделения «Живопись» Государственной академии художеств Туркменистана Селим Халлыев занял 2 место и был награжден почетной грамотой.

26/04/2025

Творческие достижения художников

26 апреля 2025 года, в год «Международного мира и доверия», в Международной конной академии имени Абы Аннаева в Аркадаге состоялось пышное торжество в честь национального праздника туркменского скакуна. Это торжество, которое широко отмечается на государственном уровне как символ уважения к нашим небесным скакунам, слава и известность которых разнеслись по всему миру, было наполнено незабываемыми моментами. На этом торжестве работа Юсупа Гулова «Моя храбрая Родина!» была отмечена в творческом конкурсе среди художников, скульпторов, ковровщиков, ювелиров, фотографов, работников издательств, дизайнеров и телеоператоров на создание коврового произведения в области художественного изображения прекрасного образа наших резвых ахалтекинских скакунов в произведениях изобразительного и прикладного искусства, печатной продукции, фотографиях и телепередачах. Победителем конкурса с высокими оценками была объявлена ​​ковровая работа «Золотой орнамент» преподавателя кафедры «Прикладное и декоративное искусство» Государственной академии художеств Туркменистана Шазады Оразбердиева, за ювелирную работу – комплект украшений для коня «Золотой орнамент» студента 3 курса отделения «Живопись» Джумамырата Гурбанова, за живописную работу «Небесные кони», студента 3 курса отделения «Скульптура» Гочмырата Ханова, за скульптурную работу «Туркменский конь, вскормленный славой», работа по изданию календаря «Царские конские ковры» студента 4 курса отделения «Прикладное и декоративное искусство» Аширгельды Гутлыева, за издательскую работу, а также видеоклип «Возрождение – голос мира» Байрама Гарлыева, за работу по телеоператорству, был награжден премией  Уважаемого Президента. Победителям творческого конкурса была вручена премия Уважаемого Президента.

Адрес:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Телефонные номера:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm