Sungatda bedewleriň waspy


«Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygarly ýylymyzda ýurdumyzda toý-baýramlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzda parahatçylygymyzyň, dost-doganlygymyzyň barha berkemegi mynasybetli bu baýramçylyklar şatlyk-şowhun bilen giňden bellenip geçilýär. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde gözellikde hem-de ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiziň şanyna Türkmen bedewiniň milli baýramy uludan toýlanýar.

Şan-şöhraty äleme dolan Ahalteke bedewlerimiziň diňe bir dünýä atçylygynyň täji bolmak bilen çäklenmän, eýsem, älem-jahana hakyky sungat eserini peşgeş beren gadymy türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň çäksiz subutnamasy hasaplanylýar. Türkmen halky öz ýaşaýşyny bedew atsyz göz-öňüne getirmändir. Mälim bolşy ýaly, dürli rowaýatlarda we kyssalarda ady agzalýan behişdi bedewlerimiz ýyndamlygy, owadanlygy we wepalylygy bilen özüni dünýä äşgär edýär. Seýisçilerdir çapyksuwarlar olary mähir we söýgi bilen ösdürip ýetişdiripdirler. Türkmen halkymyz şatlykly gününde dabaraly toý tutup, at çapdyrypdyrlar. Watanyň üstüne howp abananda hem özüniň bedew atyna atlanyp, darkaş gurapdyr. Ol şunuň ýaly ýagdaýda bedew aty özüniň syrdaşy hasaplapdyr.

Ahalteke bedewleri türkmen edebiýatynda has gadymy döwürlerden başlap öz beýanyny tapypdyr. Olary şadessanlarymyz bolan «Gorkut ata», «Görogly» ýaly eposlarynda, şeýle hem nusgawy şahyrlarymyz bolan Magtymgulynyň, Seýdiniň, Magrupynyň we Mollanepesiň goşgularynda giňden wasp edilipdir.

Ahalteke bedewlerimiziň şeýle gözelligini, ýyndamlygyny dünýä äşgär etmek maksady bilen ýurdumyzda her ýylda dürli maslahatlar, bäsleşikler şeýle hem sergiler guralýar. Şeýle sergileriň biri hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmeniň uçar ganaty» ady bilen halypalaryň, döredijilik işgärleriniň hem-de talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda giňden bellenip geçilýär. Sergide behişdi bedewlerimizi sungatyň dürli ugurlarynda wasp etmek boýunça ajaýyp nusgalyk eserleriň birnäçesi görkezilýär.

Olaryň bedew atlarymyzy wasp edýän eserleriniň arasynda nakgaşçylyk işleri bilen Maksatmyrat Kanyýew «Ýaýla», «Wasp», grafiki işleri bilen Ogulmaral Şamyradowa «Bedew waspy», Merjen Annamyradowa «Mirasymyzyň dowamaty», heýkel eserleri bilen Kerim Soltanow «Miras», Maksat Bazarow «Ärsarybaba», binagärlik ugry boýunça Ogulmaral Çarymyradowa «Atlar», Aziza Öwezmyradowa «Bedew batly Watanym», dizaýn işleri bilen Ogulbaýram Hallyýewa «Bedew öwüşgini», halyçylyk sungaty boýunça Leýli Karowa «Eýerlik», zergärçilik sungaty boýunça Çemen Kabeýewa «Gadamy batly bedew» we başga-da birnäçe zehinli talyplarymyzyň döreden eserleri ahalteke bedewlerimize goýulýan belent sarpanyň nyşany bolup durýar. Olar türkmeniň ahalteke bedewini wasp etmek boýunça döreden eserlerini dürli çeperçilik serişdeleriň şeýle hem boýaglaryň üsti bilen ýerine ýetirýärler. Mysal üçin nakgaş eserlerini ýerine ýetirmek üçin ýagly hem-de suwly boýaglar ulanylýan bolsa grafiki işleri ýerine ýetirmek üçin syýa, kömür hem-de pero ýaly serişdeler ulanýarlar.

Maksatmyrat Kanyýewiň «Wasp» atly nakgaşçylyk eserinde adyndan belli bolşy ýaly türkmeniň uçar ganaty bolan bedew atynyň waspy ýerine ýetirilýär. Onda suratkeş bedew atyň gözelligini zenan näzikligi bilen deňeýär. Özüniň syrdam boýuny gyza tarap öwrüp duran bedew at, oý-hyýallara çümen eli gupbaly gyzyň duýgudaşlygyny paýlaşýar. Bu ýerde bolsa türkmen bedewiniň wepalylyk we duýgurlyk ýaly adama mahsus bolan keşbi janlandyrylýar. Mawy gök ýerligiň ýüzünde owunjak bölejiklerden düzülen öwüşginli çyzyklar bolsa ýyldyzly asmany ýadyňa salýar. Dürli çeperçilik boýaglaryň kömegi bilen ýerine ýetirilen bu eserde arzuwçyllygyň hem-de geljege bolan ýagty umydyň keşbi açylyp görkezilýär.

Bu geçirilýän çäreler ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak barada edilýän aladalaryň netijesi bolup durýar. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi netijesinde Ahalteke bedewlerine bolan gyzyklanma barha artýar. Üstünlikli geçirilýän çäreler geljekde atçylyk sportyna we şu ugurdan hünärmenleriň has-da kämilleşmegine ýardam eder.

Annajahan Sapargeldiýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

sungaty öwreniş kafedrasynyň talyby


Поделиться

28/04/2025

Достижения, наполненные славой

26 апреля 2025 года было наполнено незабываемыми моментами в творческой жизни преподавателей и студентов Государственной академии художеств Туркменистана. В эту знаменательную дату на нашей любимой родине состоялось праздничное торжество, посвященное славе туркменского скакуна. В творческом конкурсе, посвященном нашим небесным скакунам, талантливые преподаватели и студенты нашего центра искусств были награждены премией нашего Уважаемого Президента. Сегодня по случаю этого знаменательного события в Академии художеств прошла поздравительная церемония. Это еще раз усилило любовь нашей талантливой молодежи к избранным ими профессиям.

28/04/2025

Достижения

26 марта 2025 года в поэтическом конкурсе «Да здравствует мирная жизнь – проникновенные слова нашего героя Аркадага», проведенном среди студентов высших учебных заведений нашей страны, организованном Туркменским государственным институтом культуры, студент 3 курса отделения «Живопись» Государственной академии художеств Туркменистана Селим Халлыев занял 2 место и был награжден почетной грамотой.

26/04/2025

Творческие достижения художников

26 апреля 2025 года, в год «Международного мира и доверия», в Международной конной академии имени Абы Аннаева в Аркадаге состоялось пышное торжество в честь национального праздника туркменского скакуна. Это торжество, которое широко отмечается на государственном уровне как символ уважения к нашим небесным скакунам, слава и известность которых разнеслись по всему миру, было наполнено незабываемыми моментами. На этом торжестве работа Юсупа Гулова «Моя храбрая Родина!» была отмечена в творческом конкурсе среди художников, скульпторов, ковровщиков, ювелиров, фотографов, работников издательств, дизайнеров и телеоператоров на создание коврового произведения в области художественного изображения прекрасного образа наших резвых ахалтекинских скакунов в произведениях изобразительного и прикладного искусства, печатной продукции, фотографиях и телепередачах. Победителем конкурса с высокими оценками была объявлена ​​ковровая работа «Золотой орнамент» преподавателя кафедры «Прикладное и декоративное искусство» Государственной академии художеств Туркменистана Шазады Оразбердиева, за ювелирную работу – комплект украшений для коня «Золотой орнамент» студента 3 курса отделения «Живопись» Джумамырата Гурбанова, за живописную работу «Небесные кони», студента 3 курса отделения «Скульптура» Гочмырата Ханова, за скульптурную работу «Туркменский конь, вскормленный славой», работа по изданию календаря «Царские конские ковры» студента 4 курса отделения «Прикладное и декоративное искусство» Аширгельды Гутлыева, за издательскую работу, а также видеоклип «Возрождение – голос мира» Байрама Гарлыева, за работу по телеоператорству, был награжден премией  Уважаемого Президента. Победителям творческого конкурса была вручена премия Уважаемого Президента.

Адрес:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Телефонные номера:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm