Sungata barýan ýol


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmäge uly üns berilmegi bilen bu ugurda ençeme işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň hem belleýişi ýaly: «Biz öz medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmäge goşant goşan adamlarymyza guwanmaga haklydyrys» diýmek bilen öz Watanymyzyň sungatyny, medeniýetini öwrenip, olaryň dünýä ýaýmaklyga uly goşant goşan döredijilik adamlaryna buýsanmalydyrys. Olaryň gyzykly döredijilik mirasyny öwrenmelidiris. Şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerinde durmuşyň gözelligi has inçeden duýlup, olar durmuşyň hereketini, üýtgeşmelerini, hat-da tebigatyň hem-de adamyň ruhy dünýäsiniň bir pursatdaky ýagdaýyny tutmaga mümkinçilik berýärler. Mundan başga-da suratkeşler öz döredýän eserlerinde has-da jogapkärli çemeleşip, döwrüň talap edýän çeperçilik isleglerini döwrebap çözmäge çalyşýarlar. Garaşsyzlygymyzyň suratkeşlere beren erkinligi türkmen nakgaşçylyk sungatynyň täzeden galkynmagyna şertler döretdi.

Täze döwrüň Garaşsyzlyk ugrundaky ýoly we jemgyýetçilik pudagyna degişli eserleri döretmekde görelde mekdebi bolan ussat suratkeşlerimiziň biri, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň üç gezek ýeňijisi Polat Garryýewdir. Ol 1967-nji ýylyň 12-nji fewralynda, Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde eneden bolýar. Çagalyk ýyllaryndan başlap surat çekmäge bolan uly höwesi onuň sungat adamsy bolup ýetişmegine itergi berýär. Polat Garryýew Ş.Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesine okuwa girýär we şekillendiriş sungatyna gadam basýar. Talyplyk ýyllaryndan başlap ol ajaýyp eserleri döretmäge başlaýar. Okuwy üstünlikli tamamlaýar we bilimini artdyrmak maksady bilen, Daşkendiň  K.Begzadyň adyny göterýän (öňki A.N.Ostrowskiý) Çeperçilik sungaty institutynda okaýar we üstünlikli tamamlap, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda mugallym bolup işe başlaýar. Häzirki wagta çenli hem ussat suratkeşimiz ýokary okuw mekdebiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynyň uly mugallymy bolup, talyplara sungatyň inçe syrlaryny, sungatda öz ýoluňy tapmagy yhlas bilen öwredýär.


Her bir döredijilik adamsy öz döwrüniň gözi, gulagy bolmalydyr diýlişi ýaly suratkeşler hem öz döwründe bolup geçýän buýsançly, şatlykly wakalary beýan edýändir. Şeýlelik-de suratkeş Polat Garryýew hem mugallymçylykdan daşary döredijilik işleri bilen hem meşgullanýar. Onuň eserlerinde esasan türkmeniň ruhy dünýäsi, durmuşy, ruh we jan düşünjeleri bilen baglanyşykly filosofiki pikirlerini hem görmek bolýar. Suratkeş öz köpsanly eserlerini simwoliki (nyşanalyk) we filosofiki akymlaryň üsti bilen ýerine ýetirýär. Polat Garryýewiň eserleri Türkmenistanda we döwletiň çäginden daşarda, ýagny Turkiýe, Özbekistan, Eýran, Russiýa, Beýik Britaniýa, Hytaý ýaly döwletlerde sergilere gatnaşyp türkmen nagkaşçylyk sungatyny dünýä tanatmakda uly ähmiýete eýedir.

Ussat suratkeşimiziň döreden eserlerinden Marynyň Döwlet kitaphanasy üçin, «Miras» eser ýygyndysyny (2012ý), «Gadyr gije», «Tükeniksiz aladalar», «Pyragy», «Hatyra» (2013ý), «Şöhle», «Ýagty gün» (2014ý), «Üç nar», «Ýol», (2015ý), «Ýaşuly», «Awtoportret» (2016ý), «Leýli-Mejnun», «Ylham» (2017ý), «Ene daýza» (2018ý), «Meniň aýym», «Döreýiş», «Azatlyga çykan tumar», «Köne tamdyr», «Durmuşyň ýoly», «Gadymy nusgalar» (2019ý), «1941-nji ýyl hüwdi», «Meňli» (2020ý) atly işlerini agzmak bolar.


Her bir sungat adamsy täzeden-täze eserleriň gözleglerini edip, birnäçe ajaýyp eserleri döredip, tomaşaçylary begendirmegiň ugrunda bolýarlar. Ynha şeýle halypa suratkeşlerimiziň biri hem Polat Garryýewdir. Onuň filosofiki eserlerindäki durmuşy garaýyşlary tomaşyçylaryň içki dünýäsine içgin aralaşýar we özlerini eseriň içinde ýaly duýýarlar. Suratkeş häzirki wagtda hem öz okuwçylary bilen halypa şägirtlik ýoluny alyp barýar we birnäçe dürli temalardaky taslamalaryň üstünde işläp, iň täze eserlerini halkymyza hödürleýär. Halypamyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň mundan-da beýläk sanynyň köp bolup, ýaşlara sungat äleminde uly öňegidişlikleri gazanmagyna, ösdürmegine itergi berjekdigine ynanýarys.

Türkmenistan «Halkyň Arkadagly zamanasy» atly ýylynda Watanymyzda toýdyr baýramlar goşa-goşadan gelýär. Biz Sizi Polat Garryýewiň şahsy sergisini ýakyndan synlamaga çagyrýarys we Sizde uly täsir galdyrjagyna ynanýarys!

Jennet Kurtyşewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby

Поделиться

28/04/2025

Достижения, наполненные славой

26 апреля 2025 года было наполнено незабываемыми моментами в творческой жизни преподавателей и студентов Государственной академии художеств Туркменистана. В эту знаменательную дату на нашей любимой родине состоялось праздничное торжество, посвященное славе туркменского скакуна. В творческом конкурсе, посвященном нашим небесным скакунам, талантливые преподаватели и студенты нашего центра искусств были награждены премией нашего Уважаемого Президента. Сегодня по случаю этого знаменательного события в Академии художеств прошла поздравительная церемония. Это еще раз усилило любовь нашей талантливой молодежи к избранным ими профессиям.

28/04/2025

Достижения

26 марта 2025 года в поэтическом конкурсе «Да здравствует мирная жизнь – проникновенные слова нашего героя Аркадага», проведенном среди студентов высших учебных заведений нашей страны, организованном Туркменским государственным институтом культуры, студент 3 курса отделения «Живопись» Государственной академии художеств Туркменистана Селим Халлыев занял 2 место и был награжден почетной грамотой.

26/04/2025

Творческие достижения художников

26 апреля 2025 года, в год «Международного мира и доверия», в Международной конной академии имени Абы Аннаева в Аркадаге состоялось пышное торжество в честь национального праздника туркменского скакуна. Это торжество, которое широко отмечается на государственном уровне как символ уважения к нашим небесным скакунам, слава и известность которых разнеслись по всему миру, было наполнено незабываемыми моментами. На этом торжестве работа Юсупа Гулова «Моя храбрая Родина!» была отмечена в творческом конкурсе среди художников, скульпторов, ковровщиков, ювелиров, фотографов, работников издательств, дизайнеров и телеоператоров на создание коврового произведения в области художественного изображения прекрасного образа наших резвых ахалтекинских скакунов в произведениях изобразительного и прикладного искусства, печатной продукции, фотографиях и телепередачах. Победителем конкурса с высокими оценками была объявлена ​​ковровая работа «Золотой орнамент» преподавателя кафедры «Прикладное и декоративное искусство» Государственной академии художеств Туркменистана Шазады Оразбердиева, за ювелирную работу – комплект украшений для коня «Золотой орнамент» студента 3 курса отделения «Живопись» Джумамырата Гурбанова, за живописную работу «Небесные кони», студента 3 курса отделения «Скульптура» Гочмырата Ханова, за скульптурную работу «Туркменский конь, вскормленный славой», работа по изданию календаря «Царские конские ковры» студента 4 курса отделения «Прикладное и декоративное искусство» Аширгельды Гутлыева, за издательскую работу, а также видеоклип «Возрождение – голос мира» Байрама Гарлыева, за работу по телеоператорству, был награжден премией  Уважаемого Президента. Победителям творческого конкурса была вручена премия Уважаемого Президента.

Адрес:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Телефонные номера:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm