Sungatyň ussatlary


    Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly – bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda sungat ýoluny ösdürmek ugrunda uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Mundan ugur alyp Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda talyp ýaşlarynyň, şeýle-de halypa mugallymlarynyň gatnaşmagynda döredijilikli bäsleşikleri yzygiderli geçirilýär. Diňe bir okuw jaýymyzyň içinde däl-de eýsem medeni-köpçülik baýramçylykly çärelere gatanşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Ýaş suratkeşlerimiziň sergileri hem yzygiderli halk köpçüligine hödürlenýär. 
     Şeýle sergileriň biri-de 2023-nji ýylyň fewral aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler  jaýynda “Uçgun – 5”  toparynyň ýerine ýetirmeginde döredijilikli sergi açyldy. Bu sergide Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uçurymlary Begenç Berekeliýew, Gahryman Goçmyradow, Amanmyrat Modyýew, Mekan Nurýagdyýew, Rahman Rahmanow hem-de erkin suratkeş Döwran Heziretgulyýewiň belli saýlanan esereleri halka görkezildi. Ussat suratkeşlerimiziň hersiniň özboluşly stilleri, eserleriniň aýratynlygy bu serginiň has-da täsirli bolmagyny gazandy. Sergä gatnaşyjylar eserleri uly gyzyklanma bilen synlap ussat suratkeşlemize gutlag sözlerini aýdyp uly  hoşallyk bildirdiler.  
     Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat suratkeşleriniň her biriniň döreden eserleri görenleri haýrana goýdy. Ökde suratkeş bolmak hemme kişä başartmaýar, onuň üçin dynuwsyz zähmet gerekdir. Her bir suratkeş dünýägaraýşyna, şahsy mümkinçiligine görä ýoluny saýlap alýarlar. Sungat adamsynyň döredijilik  ýolunyň çäksiz älemi hemişe kämilleşmek bilen bolýar. Suratkeşlemiziň döreden eserleriniň hersi özboluşly aýratynlyga eýedir.
    B.Berkeliýew eserlerini adamlaryň durmuşy tebigat bilen aýrylmaz baglanyşygy esasynda ýerine ýetiripdir. Suratkeşiň “Tut” atly toplumlaýyn işi göräýmäne dürli tutlaryň şekilleri ýaly görünse-de onuň many mazmuny örän uludyr. Ussat suratkeş öz eserlerinde adamyň içki ruhy duýgusyny görkezmek isleýär. Halypa suratkeş G. Goçmyradow bolsa hakyky durmuşy gürrüň berýän täsin syrly suratlary bilen adamlaryň ünsüni has-da özüne çekýär. Suratkeşiň iň naýbaşy eserleriniň biri milli “Görogly” eposyna degişlilikde “Beg Görogly” atly eseridir. Suratkeşiň “Beg Görogly” atly eserinde hem aşyklaryň ýaz paslynda özleriniň mukaddes söýgüsiniň güýjüni, bakylygyny görkezýär.  
     D.Hezretgulyýew esasan öz durmuşynda gözi bilen görüp lezzet alýan zatlaryny adamlar bilen paýlaşmagy halaýar. Suratkeş daşky tebigatyň gözelligini gülälekleriň we günebakarlaryň üsti bilen wasp etdi.  Bu eserler suratkeşiň akyly bilen däl-de, ýüregi bilen düşündirilýär. Ussat suratkeşlerimiziň ýene-de biri  A. Modyýewdir. Ol hem öz eserleriniň üsti bilen tebigatyň we olar bilen baglanyşykly jisimleriň mazmunyny özboluşly usullary bilen açyp görkezýär. Ussat suratkeşlerimiziň biri-de Mekan  Nurýagdyýewdir. Suratkeş eserlerini özüne çekiji häsiýetde taryhy we durmuşy wakalary janlandyrmaga çalyşdy we ony ussatlyk bilen başardy. R. Rahmanowyň döredijilik  ugry özboluşly aýtynlygy bolup ol tomaşaçyny beýan edýän wakasynyň syrly dünýäsine öz ugry bilen alyp gidýär.  Suratkeşiň hyýaly düşünjeleri esasynda döredilen her bir eser tomaşaçynyň aňyna ýiti täsir edýär. Şeýle ussat uçgunlarymyzyň bilelikde sergi gurnamagy adamlaryň aňynda ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlaryň biri boldy.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik 
akademiýasynyň 2-nji ýyl talyby 
Amangül Goçmyradowa

Поделиться

28/04/2025

Достижения, наполненные славой

26 апреля 2025 года было наполнено незабываемыми моментами в творческой жизни преподавателей и студентов Государственной академии художеств Туркменистана. В эту знаменательную дату на нашей любимой родине состоялось праздничное торжество, посвященное славе туркменского скакуна. В творческом конкурсе, посвященном нашим небесным скакунам, талантливые преподаватели и студенты нашего центра искусств были награждены премией нашего Уважаемого Президента. Сегодня по случаю этого знаменательного события в Академии художеств прошла поздравительная церемония. Это еще раз усилило любовь нашей талантливой молодежи к избранным ими профессиям.

28/04/2025

Достижения

26 марта 2025 года в поэтическом конкурсе «Да здравствует мирная жизнь – проникновенные слова нашего героя Аркадага», проведенном среди студентов высших учебных заведений нашей страны, организованном Туркменским государственным институтом культуры, студент 3 курса отделения «Живопись» Государственной академии художеств Туркменистана Селим Халлыев занял 2 место и был награжден почетной грамотой.

26/04/2025

Творческие достижения художников

26 апреля 2025 года, в год «Международного мира и доверия», в Международной конной академии имени Абы Аннаева в Аркадаге состоялось пышное торжество в честь национального праздника туркменского скакуна. Это торжество, которое широко отмечается на государственном уровне как символ уважения к нашим небесным скакунам, слава и известность которых разнеслись по всему миру, было наполнено незабываемыми моментами. На этом торжестве работа Юсупа Гулова «Моя храбрая Родина!» была отмечена в творческом конкурсе среди художников, скульпторов, ковровщиков, ювелиров, фотографов, работников издательств, дизайнеров и телеоператоров на создание коврового произведения в области художественного изображения прекрасного образа наших резвых ахалтекинских скакунов в произведениях изобразительного и прикладного искусства, печатной продукции, фотографиях и телепередачах. Победителем конкурса с высокими оценками была объявлена ​​ковровая работа «Золотой орнамент» преподавателя кафедры «Прикладное и декоративное искусство» Государственной академии художеств Туркменистана Шазады Оразбердиева, за ювелирную работу – комплект украшений для коня «Золотой орнамент» студента 3 курса отделения «Живопись» Джумамырата Гурбанова, за живописную работу «Небесные кони», студента 3 курса отделения «Скульптура» Гочмырата Ханова, за скульптурную работу «Туркменский конь, вскормленный славой», работа по изданию календаря «Царские конские ковры» студента 4 курса отделения «Прикладное и декоративное искусство» Аширгельды Гутлыева, за издательскую работу, а также видеоклип «Возрождение – голос мира» Байрама Гарлыева, за работу по телеоператорству, был награжден премией  Уважаемого Президента. Победителям творческого конкурса была вручена премия Уважаемого Президента.

Адрес:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Телефонные номера:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm