Eýran Yslam Respublikasynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi

Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň medeniýetiniň we sungatynyň
gülläp ösmegi ugrunda birnäçe işler durmuşa geçirilýär.



         2024-nji
ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Eýran
Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň zenan sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda
täsirli duşuşyk geçirildi. Şeýle hem, sungatyň nagyşlamak, altyn çaýmak,
žiwopis we kalligrafiýa ugurlary boýunça zenan suratkeşleriň eserleriniň
bilelikdäki sergisi gurnaldy. Bu gurnalan sergi “Zenanlar we maşgala”,
“Däp-dessurlary gorap saklamak”, “Jemgyýet we ekologiýa” ýaly mowzuklary öz
içine alýar. Ussat zenanlaryň arasynda geçirilen bu duşuşyk we ýatdan çykmajak
sergi Eýran Yslam Respublikasy bilen dost-doganlyk gatnaşygyny has-da
pugtalandyrdy.

Share this post

28/04/2025

Achievements

On March 26, 2025, in the poetry competition “

Adress:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Tel. numbers:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm