Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň medeniýet we sungat ulgamynda dünýäniň dürli döwletleri bilen halkara hyzmatdaşlygy has-da berkeýär. 2025-nji ýylyň aprel aýynyň 7-sine Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň hem-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda “Italiýada öndürilen” atly türkmen-italýan bilelikdäki moda görkezilişiniň dabarasy boldy. Häzirki zaman lybaslaryň görkeziliş dabarasy sungatyň özboluşly beýanydyr. Dabarada çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyby, dizaýner Jennet Agaýewanyň döreden ajaýyp egin-eşik ýygyndysynyň görkezilişinde milli öwüşginlere beslenen döwrebap häsiýetli lybaslary uly orun aldy. Bu moda görkezilişigi, türkmen we italýan modelýer ussatlarynyň döredijilikli äleminiň döwrebap nusgasy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.