Dutaryň owazy dünýä ýaň salýar


Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli gymmatlyklarymyz, pederlerimizden galan miras hökmünde goralyp saklanylýar hem-de öwrenilýär. Ata-babalarymyzyň döreden saz sungaty halkymyzyň ruhy dünýäsinde egsilmez hazyna hasaplanylýar. Halkymyzyň naýbaşy hazynalarynyň biri-de dutar saz sungatydyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda milli dutarymyza bolan mukaddes söýgi  eziz Diýarymyzda aýdym bolup dünýä ýaň salýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» atly şygar bilen dabaralanýan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi» mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahat türkmen dutar saz guralynyň gülläp ösmeginde öňe ädilen aýgytly ädim boldy.

Dutar saz guraly türkmen halkynyň göwün syrdaşy hasaplanypdyr. Taryhda ata-babalarymyz öz pikirlerini, arzuw hyýallaryny dutar sazlarynyň üsti bilen beýan edipdirler. Dutaryň mylaýym owazy ynsanyň kalbyna ylham berip ruhuny galkyndyrypdyr. Milli mirasymyza uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Ruhy baýlyk köňlüň rahatlygydyr, ýaşaýşyň gözelligidir. Çünki ol bahasyna hiç bir gymmatlyk taý görülmeýän baýlygymyzdyr» diýip belleýär. Hakykatdan hem aýdym-sazyň owazynda ynsanyň ruhuny galkyndyryjy üýtgeşik bir güýç bar. Dutarda ýaňlanýan şirin sazlarda ýurdumyzyň bagtyýarlygy wasp edilýär.


Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi» mynasybetli dabaraly maslahatyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň zehinli talyp ýaşlarynyň döreden şekillendiriş sungatynyň eserlerinden gurnalan sergi, türkmen dutarynyň şöhratyny dabaralandyrmakda özüniň mynasyp goşandyny açyp görkezdi. Türkmen halk aýdym-sazlary şekillendiriş sungatynyň nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, keramika ugurlarynda ýerine ýetirilen talyp ýaşlarymyzyň döredijiliginde orun aldy. Bu sergide nakgaşçylyk sungatynda şöhlelendirilen aýdym-sazlarymyz asyrlar aşyp, nesillerimize gelip ýeten meşhur halypalaryň keşbinde janlandyrylmagy sergä tomaşa edenleriň gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy. Şekillendiriş sungat eserleriniň taslamalaryndaky ýerine ýetirilen gahrymanlaryň keşplerinde, dutarda çalynýan halk sazlaryna içgin aralaşan hereketleriň täsiri ýiti häsiýetde janlandyrylýar. Dutaryň owazyndan ýaňlanýan aýdym-sazlar daş-töweregi gurşap alan märekäniň ruhuny galkyndyryjy nyşan bolup öňe çykýar. Eserleriň reňkleriniň sazlaşygynda janly durmuşyň tebigylygy emele gelýär.

Talyp ýaşlarymyzyň heýkeltaraşlyk sungatynda janlandyran bagşy-sazandalaryň keşplerinde içki duýgularyň açylmagyny beýan etmekdäki çylşyrymly hereketleriň ýitiligi, ýaş suratkeşleriň döredijilik gözlegleriniň köpdürliligi bilen haýran galdyrýar. Türkmen dutaryna bagyşlanan dabaraly maslahatyň çäginde gurnalan bu sergi bagtyýar döwrümiziň  taryhynyň ýene-de bir ajaýyp pursatydyr.

Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

uly ylmy işgäri

Поделиться

28/04/2025

Достижения, наполненные славой

26 апреля 2025 года было наполнено незабываемыми моментами в творческой жизни преподавателей и студентов Государственной академии художеств Туркменистана. В эту знаменательную дату на нашей любимой родине состоялось праздничное торжество, посвященное славе туркменского скакуна. В творческом конкурсе, посвященном нашим небесным скакунам, талантливые преподаватели и студенты нашего центра искусств были награждены премией нашего Уважаемого Президента. Сегодня по случаю этого знаменательного события в Академии художеств прошла поздравительная церемония. Это еще раз усилило любовь нашей талантливой молодежи к избранным ими профессиям.

28/04/2025

Достижения

26 марта 2025 года в поэтическом конкурсе «Да здравствует мирная жизнь – проникновенные слова нашего героя Аркадага», проведенном среди студентов высших учебных заведений нашей страны, организованном Туркменским государственным институтом культуры, студент 3 курса отделения «Живопись» Государственной академии художеств Туркменистана Селим Халлыев занял 2 место и был награжден почетной грамотой.

26/04/2025

Творческие достижения художников

26 апреля 2025 года, в год «Международного мира и доверия», в Международной конной академии имени Абы Аннаева в Аркадаге состоялось пышное торжество в честь национального праздника туркменского скакуна. Это торжество, которое широко отмечается на государственном уровне как символ уважения к нашим небесным скакунам, слава и известность которых разнеслись по всему миру, было наполнено незабываемыми моментами. На этом торжестве работа Юсупа Гулова «Моя храбрая Родина!» была отмечена в творческом конкурсе среди художников, скульпторов, ковровщиков, ювелиров, фотографов, работников издательств, дизайнеров и телеоператоров на создание коврового произведения в области художественного изображения прекрасного образа наших резвых ахалтекинских скакунов в произведениях изобразительного и прикладного искусства, печатной продукции, фотографиях и телепередачах. Победителем конкурса с высокими оценками была объявлена ​​ковровая работа «Золотой орнамент» преподавателя кафедры «Прикладное и декоративное искусство» Государственной академии художеств Туркменистана Шазады Оразбердиева, за ювелирную работу – комплект украшений для коня «Золотой орнамент» студента 3 курса отделения «Живопись» Джумамырата Гурбанова, за живописную работу «Небесные кони», студента 3 курса отделения «Скульптура» Гочмырата Ханова, за скульптурную работу «Туркменский конь, вскормленный славой», работа по изданию календаря «Царские конские ковры» студента 4 курса отделения «Прикладное и декоративное искусство» Аширгельды Гутлыева, за издательскую работу, а также видеоклип «Возрождение – голос мира» Байрама Гарлыева, за работу по телеоператорству, был награжден премией  Уважаемого Президента. Победителям творческого конкурса была вручена премия Уважаемого Президента.

Адрес:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Телефонные номера:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm