«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda medeniýet we sungat pudaklarynda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasaty esasynda ýurdumyzyň üstünlikleri, däp-dessury, baýramçylyklary, ajaýyp tebigaty türkmen şekillendiriş sungatynyň eserlerinde wasp edilýär. 2022-nji ýylyň 1–2-nji martynda «Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy» atly halkara maslahaty we sergisi Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda geçirildi. Bu serginiň esasy maksady türkmen tebigatynyň ajaýyp keşpleri, gözel künjeklerimiz, bahar gülleri şahyrana suratlandyrylyp görkezildi.

Sergide Türkmenistanyň ähli welaýatlaryndan halypa suratkeşler, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlary we talyplary, Aşgabat şäherindäki Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary ajaýyp işleri bilen gatnaşdylar. Baýramçylyk sergide şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň ähli görnüşleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Nakgaşçylyk sungaty boýunça halypa suratkeşlerimiz Annadurdy Almämmedowyň peýzaž, natýurmort işleri, Guseýn Guseýnowyň şahyrana eserleri, Kamil Weliahmedowyň peýzaž taslamalary, Babageldi Owganowyň milli däp-dessurlarymyzy suratlandyrýan eserleri, Ata Akyýewiň, Aýnagözel Nuryýewanyň türkmen zenanlaryň gözel keşpleri we başga-da birnäçe nakgaşlar türkmen tebigatymyzyň gaýtalanmajak pursatlaryny we türkmen zenanynyň gelşikliligini we asyllylygyny beýgeldýän eserler bilen çykyş etdiler.

Grafika sungaty boýunça Döwletgeldi Akyýewiň, Döwletmyrat Durdyýewiň, Şatlyk Tagyýewiň, Gurban Tekäýewiň we beýleki ýaş grafikaçylaryň kitap bezegleri, stanok grafikasyna degişli işler görkezildi. Ýurdumyzyň ähli künjeklerini bezeýän monumental taslamalaryň awtorlary, dünýä ýaň salan eserleri döreden Türkmenistanyň Hormatly il ýaşululary, Türkmenistanyň halk suratkeşleri Babasary Annamyradow we Saragt Babaýew öz döredijilikleriniň nusgawy işlerini halk köpçüligine ýetirdiler.

Amaly-haşam sungaty boýunça zergärler Myrat Sähedow, Salam we Göwher Nuryýewler, Şazada Orazberdiýew, Ogulgerek Myradowa, Şirin Gylyjowa, Aýjemal Çaryýewa inçelik bilen işlenen milli äheňde zergärçilik önümlerini çykardylar. Halyçylyk sungaty boýunça halypa suratkeşlerimiz Annabibi Islamowa özüniň inçe çitimli haly we haly önümlerini görkezildi. Birnäçe ýyllardan bäri bedew waspyny halyçylyk sungatynda ussatlyk bilen şekillendirýän, sýužet halylaryň awtory Türkmenistanyň halk suratkeşi Ada Gutlyýew hem nepis halylary bilen tomaşaçylary haýrana goýdy. Sergide görkezilen  uly göwrümli halylarda bedewiň waspy, ajaýyp tebigatymyz hem aýratyn orna mynasyp boldy. Häzirki döwürde külalçylyk sungatynyň görnükli wekili halypa suratkeşimiz Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy Dursunsolmaz Muhammedowanyň işlerinde türkmen tebigatyň, zenan gözelliginiň we bedewleriň ýyndamlygy ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren işlerinde şöhlelenýär. Şeýle-de Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynda bilim alýan keramikaçy talyplaryň hem eserleri görkezildi.

Türkmen dizaýn sungaty boýunça kämil hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň orny uludyr. Talyplaryň ýyllyk we diplom işleriniň dizaýn taslamalary sergide aýratyn orny eýeleýär. Ýaş dizaýnerler milli lybaslaryň, interýer bezegleriň görnüşlerini, batik, witraž, ekibana ýaly dürli tehniki usullarda ýerine ýetirilen taslamalary baýramçylyk sergisiniň dabarasyny has hem artdyrdy.

Sergi bahar paslynyň ilkinji günlerinde açylmak bilen tebigatyň owadan pursady, şahyrana waspy, bahar gülleri suratkeşleriň döredijiliklerinde aýratyn orny eýeleýändigini görkezýär. Suratkeşler bahar paslynyň gözelligini owadan reňk sazlaşygynyň üsti bilen çözmek bilen bahar paslynyň mylaýym howasyny ussatlyk bilen suratlandyrýarlar.

Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň ähli görnüşlerini wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda halkara maslahatlaryň we sergileriň ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiz milli şekillendiriş sungatymyzy dünýä çykarmakda, suratkeşlere erkin döredijiliklerini açyp görkezmäge giň şertleri döredip berýär.

Jemal Toryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
«Sungaty öwreniş» kafedrasynyň mugallymy

Поделиться

28/04/2025

Достижения, наполненные славой

26 апреля 2025 года было наполнено незабываемыми моментами в творческой жизни преподавателей и студентов Государственной академии художеств Туркменистана. В эту знаменательную дату на нашей любимой родине состоялось праздничное торжество, посвященное славе туркменского скакуна. В творческом конкурсе, посвященном нашим небесным скакунам, талантливые преподаватели и студенты нашего центра искусств были награждены премией нашего Уважаемого Президента. Сегодня по случаю этого знаменательного события в Академии художеств прошла поздравительная церемония. Это еще раз усилило любовь нашей талантливой молодежи к избранным ими профессиям.

28/04/2025

Достижения

26 марта 2025 года в поэтическом конкурсе «Да здравствует мирная жизнь – проникновенные слова нашего героя Аркадага», проведенном среди студентов высших учебных заведений нашей страны, организованном Туркменским государственным институтом культуры, студент 3 курса отделения «Живопись» Государственной академии художеств Туркменистана Селим Халлыев занял 2 место и был награжден почетной грамотой.

26/04/2025

Творческие достижения художников

26 апреля 2025 года, в год «Международного мира и доверия», в Международной конной академии имени Абы Аннаева в Аркадаге состоялось пышное торжество в честь национального праздника туркменского скакуна. Это торжество, которое широко отмечается на государственном уровне как символ уважения к нашим небесным скакунам, слава и известность которых разнеслись по всему миру, было наполнено незабываемыми моментами. На этом торжестве работа Юсупа Гулова «Моя храбрая Родина!» была отмечена в творческом конкурсе среди художников, скульпторов, ковровщиков, ювелиров, фотографов, работников издательств, дизайнеров и телеоператоров на создание коврового произведения в области художественного изображения прекрасного образа наших резвых ахалтекинских скакунов в произведениях изобразительного и прикладного искусства, печатной продукции, фотографиях и телепередачах. Победителем конкурса с высокими оценками была объявлена ​​ковровая работа «Золотой орнамент» преподавателя кафедры «Прикладное и декоративное искусство» Государственной академии художеств Туркменистана Шазады Оразбердиева, за ювелирную работу – комплект украшений для коня «Золотой орнамент» студента 3 курса отделения «Живопись» Джумамырата Гурбанова, за живописную работу «Небесные кони», студента 3 курса отделения «Скульптура» Гочмырата Ханова, за скульптурную работу «Туркменский конь, вскормленный славой», работа по изданию календаря «Царские конские ковры» студента 4 курса отделения «Прикладное и декоративное искусство» Аширгельды Гутлыева, за издательскую работу, а также видеоклип «Возрождение – голос мира» Байрама Гарлыева, за работу по телеоператорству, был награжден премией  Уважаемого Президента. Победителям творческого конкурса была вручена премия Уважаемого Президента.

Адрес:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Телефонные номера:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm