Hyzmatdaşlyk etmek hakynda ähtnama gol çekildi

2023-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Italiýa Respublikasynyň Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasynyň prezidenti Jorjio Bartolomuççiniň, Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasynyň sungaty öwreniş ylymlarynyň professory Alberto Anželo Dambruozonyň hem-de Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Luiji Ferrariniň duşuşyk sapary boldy. Hormatly myhmanlar duz-çörek bilen dabaraly ýagdaýda garşy alyndy. Soňra Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen tanyşdyryldy. Sungat ojagynyň “Altyn fondy” muzeýinde sergilenen zehinli talyplaryň kämil sungat eserleri bilen içgin tanyşdyrylyp, ýokary okuw mekdebinde berilýän ähli hünärleriň alnyp barlyşy dogrusynda giňişleýin maglumat berildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen Italiýa Respublikasynyň Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda pikir alyşyldy we geljekki netijeli hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny döretmek maksady bilen ähtnama gol çekildi.  
Geljekde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy hem-de Italiýa Respublikasynyň Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasy bilen binagärlik, dizaýn we şekillendiriş sungatynyň dürli ugurlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdüriler. 2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hormatly Italiýaly myhmanlaryň gelmegi bilen bagly ýokary okuw mekdebimiziň halypa mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda häzirki zaman şekillendiriş sungatyna bagyşlanan ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahatda Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasynyň sungaty öwreniş ylymlarynyň professory Alberto Anželo Dambruozonyň häzirki zaman şekillendiriş sungaty boýunça ylmy çykyşy hem-de  (prezentasiýa) görkezildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ylmy işler boýunça prorektory, sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Nurýagdy Ýagşymyradowyň türkmen şekillendiriş sungatynyň ösüş ýoluna bagyşlanan ylmy çykyşy we  (prezentasiýa) görkezildi. 
Italiýanyň sungaty dünýä şekillendiriş sungatynyň ösmegine  saldamly goşant goşdy. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy bilen Italiýa Respublikasynyň Frozinone şäheriniň şekillendiriş sungaty akademiýasynyň arasynda özara hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekilmegi buýsandyryjy waka.  Bu bolsa geljekde häzirki zaman şekillendiriş sungatyny ösdürmekde uly goşant goşjak ýaş zehinli sungat ussatlarynyň hünär kämilliginiň ýokarlanmagynda we medeni gatnaşyklaryň has-da berkemeginde döredilen mümkinçilikdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halklary ýakynlaşdyrýan medeniýeti we sungaty ösdürmekdäki alyp barýan parasatly döwlet syýasatynyň dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrýandygynyň subutnamasydyr.  






Bilbil Çaryýewa,
                                   Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik 
akademiýasynyň uly ylmy işgäri 

Поделиться

28/04/2025

Достижения, наполненные славой

26 апреля 2025 года было наполнено незабываемыми моментами в творческой жизни преподавателей и студентов Государственной академии художеств Туркменистана. В эту знаменательную дату на нашей любимой родине состоялось праздничное торжество, посвященное славе туркменского скакуна. В творческом конкурсе, посвященном нашим небесным скакунам, талантливые преподаватели и студенты нашего центра искусств были награждены премией нашего Уважаемого Президента. Сегодня по случаю этого знаменательного события в Академии художеств прошла поздравительная церемония. Это еще раз усилило любовь нашей талантливой молодежи к избранным ими профессиям.

28/04/2025

Достижения

26 марта 2025 года в поэтическом конкурсе «Да здравствует мирная жизнь – проникновенные слова нашего героя Аркадага», проведенном среди студентов высших учебных заведений нашей страны, организованном Туркменским государственным институтом культуры, студент 3 курса отделения «Живопись» Государственной академии художеств Туркменистана Селим Халлыев занял 2 место и был награжден почетной грамотой.

26/04/2025

Творческие достижения художников

26 апреля 2025 года, в год «Международного мира и доверия», в Международной конной академии имени Абы Аннаева в Аркадаге состоялось пышное торжество в честь национального праздника туркменского скакуна. Это торжество, которое широко отмечается на государственном уровне как символ уважения к нашим небесным скакунам, слава и известность которых разнеслись по всему миру, было наполнено незабываемыми моментами. На этом торжестве работа Юсупа Гулова «Моя храбрая Родина!» была отмечена в творческом конкурсе среди художников, скульпторов, ковровщиков, ювелиров, фотографов, работников издательств, дизайнеров и телеоператоров на создание коврового произведения в области художественного изображения прекрасного образа наших резвых ахалтекинских скакунов в произведениях изобразительного и прикладного искусства, печатной продукции, фотографиях и телепередачах. Победителем конкурса с высокими оценками была объявлена ​​ковровая работа «Золотой орнамент» преподавателя кафедры «Прикладное и декоративное искусство» Государственной академии художеств Туркменистана Шазады Оразбердиева, за ювелирную работу – комплект украшений для коня «Золотой орнамент» студента 3 курса отделения «Живопись» Джумамырата Гурбанова, за живописную работу «Небесные кони», студента 3 курса отделения «Скульптура» Гочмырата Ханова, за скульптурную работу «Туркменский конь, вскормленный славой», работа по изданию календаря «Царские конские ковры» студента 4 курса отделения «Прикладное и декоративное искусство» Аширгельды Гутлыева, за издательскую работу, а также видеоклип «Возрождение – голос мира» Байрама Гарлыева, за работу по телеоператорству, был награжден премией  Уважаемого Президента. Победителям творческого конкурса была вручена премия Уважаемого Президента.

Адрес:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Телефонные номера:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm