Millilik – nesil terbiýesiniň özeni


2022-nji ýylyň ýanwar aýynyň 24-ine Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň Demokratik  partiýasynyň,  Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Döwlet Medeniýet Merkeziniň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda, Ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhybelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek, hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen ýaşlaryň arasynda «Millilik – nesil terbiýesiniň özeni» atly şygar bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşlary terbiýelemek, olary milli ruhda kemala getirmek babatda alnyp barylýan tutumly işleriniň ähmiýeti dogrusynda aýdyldy. Edep-terbiýe halkyň ýaşaýyş durmuşy bilen ösýär, taryhyň uzak ýolunda kämilleşýär, adamzadyň aňynda orun alýar. Şeýlelikde, nesilme-nesil dowam edýän mizemez ýörelgelere öwrülýär. Ata-watanyny eý gören ata-babalarymyz şu günki hem geljekki nesillere halallyk ýoluny, edep terbiýäni gymmatly miras galdyrypdyrlar. Pederlerimiziň dowam edip gelýän asyllylyk, halallyk, dogduk mekanymyza, mähriban halkymyza, agzybirlik ýolumyza wepalylyk, zähmetsöýerlilik ýaly, ajaýyp ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýmak döwrümiziň esasy wezipeleriniň biridir diýip, çykyş edenler buýsançly bellediler.

Ondan başga-da, türkmen edebiýaty türkmen halkynyň edep-kadalaryny nesilden-nesillere geçirmegiň kämil mekdebidigini we ýaşlary milli ruhda terbilelemek işinde halk döredijilik eserlerimiziň şadessanlaryň ähmiýetiniň örän uludygy beýan edildi. Edep mirasymyzda watansöýüjilik, halallyk, ynsanperwerlik, myhmansöýerlik, edermenlik, zähmetsöýerlik ýaly ruhy dünýämiziň iň naýbaşy gymmatlyklary jemlenendir. Ata-enäni sylamak perzende parzdyr. Ýaşuly neslini sylamak, kiçä hormat goýmak türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridir diýlip nygtaldy. Şeýle-de, bagtyýarlyk döwrümiziň pähim-paýhasly ýaşulullarymyz, ak saçly enelerimiz biziň guwanjymyzdyr. Her bir bagtyýar türkmen maşgalasy öz mukaddes ojagynyň ýylylygyny duýup ýaşaýar. Öz perzentleriniň aňyna watan mukaddesligini guýmak üçin mährem enelerimiz ajaýyp hüwdülerinde beýan edýärler diýip bellenildi.

Türkmen halkynyň taryhynyň dowamynda döreden edebi hem-de medeni mirasynda milletiň tutuş ahlak ýörelgelerinde durmuş tejribesi jemlenendir. Edebi hem-de medeni gymmatlyklar her bir halkyň döredijilik dünýäsiniň asyrlaryň synagyndan geçen kämillik nusgasydyr. Şeýle gymmatlyklary öwrenmek we goramak milletiň medeniýetiniň dünýä medeniýetindäki ornuna baha bermekde ähmiýeti uludyr.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaşlaryň saglygy, halkynyň bagtyýarlygy üçin gije-gündiz alada edýän Milli Liderimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýdyp, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri üçin hormatly Prezidentimize jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.

Bilbil Çaryýewa,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň

uly ylmy işgäri

Поделиться

28/04/2025

Достижения, наполненные славой

26 апреля 2025 года было наполнено незабываемыми моментами в творческой жизни преподавателей и студентов Государственной академии художеств Туркменистана. В эту знаменательную дату на нашей любимой родине состоялось праздничное торжество, посвященное славе туркменского скакуна. В творческом конкурсе, посвященном нашим небесным скакунам, талантливые преподаватели и студенты нашего центра искусств были награждены премией нашего Уважаемого Президента. Сегодня по случаю этого знаменательного события в Академии художеств прошла поздравительная церемония. Это еще раз усилило любовь нашей талантливой молодежи к избранным ими профессиям.

28/04/2025

Достижения

26 марта 2025 года в поэтическом конкурсе «Да здравствует мирная жизнь – проникновенные слова нашего героя Аркадага», проведенном среди студентов высших учебных заведений нашей страны, организованном Туркменским государственным институтом культуры, студент 3 курса отделения «Живопись» Государственной академии художеств Туркменистана Селим Халлыев занял 2 место и был награжден почетной грамотой.

26/04/2025

Творческие достижения художников

26 апреля 2025 года, в год «Международного мира и доверия», в Международной конной академии имени Абы Аннаева в Аркадаге состоялось пышное торжество в честь национального праздника туркменского скакуна. Это торжество, которое широко отмечается на государственном уровне как символ уважения к нашим небесным скакунам, слава и известность которых разнеслись по всему миру, было наполнено незабываемыми моментами. На этом торжестве работа Юсупа Гулова «Моя храбрая Родина!» была отмечена в творческом конкурсе среди художников, скульпторов, ковровщиков, ювелиров, фотографов, работников издательств, дизайнеров и телеоператоров на создание коврового произведения в области художественного изображения прекрасного образа наших резвых ахалтекинских скакунов в произведениях изобразительного и прикладного искусства, печатной продукции, фотографиях и телепередачах. Победителем конкурса с высокими оценками была объявлена ​​ковровая работа «Золотой орнамент» преподавателя кафедры «Прикладное и декоративное искусство» Государственной академии художеств Туркменистана Шазады Оразбердиева, за ювелирную работу – комплект украшений для коня «Золотой орнамент» студента 3 курса отделения «Живопись» Джумамырата Гурбанова, за живописную работу «Небесные кони», студента 3 курса отделения «Скульптура» Гочмырата Ханова, за скульптурную работу «Туркменский конь, вскормленный славой», работа по изданию календаря «Царские конские ковры» студента 4 курса отделения «Прикладное и декоративное искусство» Аширгельды Гутлыева, за издательскую работу, а также видеоклип «Возрождение – голос мира» Байрама Гарлыева, за работу по телеоператорству, был награжден премией  Уважаемого Президента. Победителям творческого конкурса была вручена премия Уважаемого Президента.

Адрес:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Телефонные номера:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm