Bilim almak, hünär öwrenmek halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan, nesilden-nesle geçirip gelýän gymmatly baýlygydyr. Her ýylyň 1-nji sentýabrynda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni giňden bellenilýär. Şeýle ajaýyp baýramçylyk Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem geçirildi. Dabara Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Döwlet senasynyň belentden ýaňlanmagy bilen başlandy. 2025–2026-njy täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine iberen mähirli gutlagy diňlenildi. Şeýle-de, halypalaryň talyp ýaşlarymyza ýüzlenen gutlag çykyşlary ýerine ýetirildi. Dabaranyň dowamy aýdym-sazly çykyşlar bilen dowam etdi. 2025-2026-njy okuw ýylynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly ilkinji okuw sapagy bilim ojagyna gadam basan 1-nji ýyllyk talyplaryň durmuşynda ýatdan çykmajak taryhy sene boldy.