Zenan mugallymlaryň we talyplaryň döredijilik sergisi geçirildi

2025-nji ýylyň 4-8-nji awgustynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty 32 döwletiň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem BMG-niň beýleki gyzyklanma bildirýän agza ýurtlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilmek göz öňünde tutuldy. Şu möhüm halkara forumyna taýýarlyk işleri häzirki wagtda giň gerimde alnyp barylýar. Bäş gün dowam etjek forumyň çäklerinde syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary öz içine alýan giň gerimli çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu gün çeperçilik akademiýasynyň Sergiler jaýynda geçiriljek foruma bagyşlanyp, Ilkinji zenanlar guramasynyň agzalarynyň, zenan mugallymlaryň we talyplaryň gatnaşmaklarynda döredijilik eserleriniň sergisi açyldy. Sergide türkmen zenanlarynyň, gyz-gelinleriň edep-ekramlylygyny, el işlerini, maşgala mukaddesligini, ene-mamalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgelerimizi, milliligimizi ýaşlara görkezildi.

Share this post

28/04/2025

Achievements

On March 26, 2025, in the poetry competition “

Adress:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2023) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2023) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2023), 90

Tel. numbers:
+993 (12) 92-25-08
Email:
tdca@sanly.tm