Biz barada

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy 1994-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-ne döredildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 3 sany fakultetinde 8 sany kafedralar bolup, olarda 17 sany hünär boýunça bilim berilýär.


  • «Şekilendiriş sungaty» fakultetiniň «Nakgaşçylyk» kafedrasynda miniatýura nakgaşçylygy, stanok nakgaşçylygy, monumental nakgaşçylygy, filmiň şekillendiriş çözgüdi, teatr-bezeg nakgaşçylygy hünärleri bar. «Grafika» kafedrasynda stanok grafikasy, kitap grafikasy, plakat grafikasy, «Heýkeltaraşlyk» kafedrasynda bolsa heýkeltaraşlyk ugry boýunça hünärmenler ýetişdirilýär.
  • «Binagärlik we dizaýn» fakultetiniň «Binagärlik» kafedrasynda binagärlik gurşawynyň dizaýny, binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi hünärleri, «Dizaýn» kafedrasynda bolsa dizaýn we animasiýa we kompýuter grafikasy hünärleri boýunça okadylýar.
  • «Amaly-haşam sungaty» fakultetiniň «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynda halyçylyk sungaty, keramika sungaty, zergärçilik sungaty boýunça hünärler okadylýar. «Sungaty öwreniş» kafedrasynda şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanýar. «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasy ähli ugurlarda okaýan talyplara jemgyýetçilik bilimlerini berýär.
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň döredijilik hünärlerinde okuwyň möhleti 6 ýyl, şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünärinde bolsa 5 ýyl bilim berilýar.


Ylym

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy 1994-nji ýylyň ýanwar aý [...]

Mugallymlar

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy 1994-nji ýylyň ýanwar aý [...]

Sport

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy 1994-nji ýylyň ýanwar aý [...]

Sanly bilim

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy 1994-nji ýylyň ýanwar aý [...]

Kitaphana

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasy 1994-nji ýylyň ýanwar aý [...]

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2022) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2022) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2022), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08