Amaly-haşam sungaty

«Amaly-haşam sungaty» fakulteti 3 kafedradan ybarat bolup, «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynda halyçylyk sungaty, keramika sungaty, zergärçilik sungaty boýunça hünärler okadylýar. «Sungaty öwreniş» kafedrasynda şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti hünäri boýunça hünärmenler taýýarlanýar. «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasy ähli ugurlarda okaýan talyplara jemgyýetçilik bilimlerini berýär. «Amaly-haşam sungaty» kafedrasynda okadylýan hünärler boýunça okuw möhleti 6 ýyldan, «Sungaty öwreniş» kafedrasynda bolsa 5 ýyldan ybarat.

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2022) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2022) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2022), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08