Sungaty öwreniş kafedrasy

Kafedrada şekillendiriş sungatyň taryhy we nazaryýeti hünäri boýunça sungaty öwreniji hünärmenler taýýarlanylýar. Olar Türkmenistanyň şekillendiriş sungatynyň we umumy dünýä sungatynyň taryhyny öwrenmek, adamzat jemgyýetiniň döreden nusgawy binagärlik, şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň many-mazmunyna düşünmek, olary seljermek we derňemek boýunça nazary bilimleri özleşdirýärler. Şeýle-de talyplara ynsanperwer ylymlaryň başga-da giň toplumy öwredilýär.

Kafedranyň mugallymlary we talyplary döwrümiziň döredijilik üstünliklerini wasp etmek boýunça metbugat sahypalarynda, tele we radio ýaýlymlarda ýygy-ýygydan çykyş edip durýarlar. Olaryň döredijilik üstünliklerini okuw kitaplarynda we okuw gollanmalarynda, sergilere bagyşlanan kataloglarda, ylmy žurnallardaky makalalarda görmek bolýar.

Kafedranyň uçurymlary ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, neşirýat gullugynda, medeniýet öýlerinde, muzeýlerde zähmet çekip bilýärler.


(Kafedra hakynda gysgaça wideoýazgy)

Paýlaş

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2022) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2022) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2022), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08