Altyn fond

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Altyn fond» merkeziniň muzeýiniň açylmagy örän wajypdyr. Dünýä döwletleriniň çeperçilik akademiýalarynda talyplaryň işlerinden ybarat bolan çeperçilik ýygyndylary we muzeýleri bar. Şeýle muzeýleriň bolmagy medeniýetiň we sungatyň diňe suratkeşleriň hazynasy däl-de, geljekki nesillere medeni mirasdyr.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem 2009-njy ýylda «Altyn fond» merkeziniň muzeýi döredildi. Talyplaryň okuw we tejribelik döwründe gözel diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda ak şäherimiz Aşgabatda irginsiz yhlaslar netijesinde ýerine ýetirilen we çeperçilik taýdan tapawutlanan nakgaşçylyk, grafika, heýkeltaraşlyk we amaly-haşam sungatynyň eserleri girýär. Eserleriň ählisinde halypa mugallymlardan bilim alýan ýaş suratkeşleriň peýzaž, portret, taryhy we durmuşy žanrlarda halkymyzyň baý geçmişini we bagtyýar şu günümizi, milliligimizi, tebigatymyzyň ajaýyp görnüşlerini aýdyň görmek bolýar. Altyn fonduň hasabyna girýän nusgalyk eserleriň sany ýyl-ýyldan artýar. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Altyn fond» atly naýbaşy eserleriň sergisi ilkinji gezek 2016-njy ýylda halk köpçüligine ýetirildi.

«Altyn fond» sergisiniň katalogyny görmek we ýükläp almak üçin: «Altyn fond» sergisi

Paýlaş

Ylym

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Altyn fond» merkeziniň muzeýiniň [...]

Konferensiýalar

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Altyn fond» merkeziniň muzeýiniň [...]

Altyn fond

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Altyn fond» merkeziniň muzeýiniň [...]

Sergiler

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Altyn fond» merkeziniň muzeýiniň [...]

Kitaphana

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Altyn fond» merkeziniň muzeýiniň [...]

Sport

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Altyn fond» merkeziniň muzeýiniň [...]

Salgymyz:

744000, Aşgabat ş., A.Nowaýy (2022) köç., 90
744000, Ashgabat c., A.Navoi (2022) str., 90
744000, г. Ашхабад, ул. А.Навои (2022), 90

Telefon belgiler:
+993 (12) 92-25-08